Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan özgertmeler syýasaty bu günki gün halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda ýokary ösüşi, ruhy galkynyşy berkidýär. Hereket edýän Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, hatda iň çetki obalarynda hem döwrebap gurşaw kemala gelýär. Munuň şeýledigi döwürden galkynýan obalaryň mysalynda, olarda häzirki wagtda bolup geçýän özgertmeleriň hakykatynda has aýdyň görünýär. Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Diýar geňeşligini düzýän obalar hem bu babatda gürrüňini etmäge mynasyp bolup durýar. Abdalýap, Aýakketli, Ogşuk hem-de Galkynyş obalarynyň durmuşy bilen gyzyklananyňda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň döwür bilen aýakdaş gidýändigine şaýat bolýarsyň.
Obalarda 4 sany orta mekdep, 1 sany oba saglyk merkezi, 2 sany oba saglyk öýi, 3 sany dükan, 33 sany hususy söwda nokady hereket edip, olar ösüp barýan ýaşlaryň, ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň talabalaýyk derejede üpjün edilmegine ýardam edýärler.
Galkynyş obasynyň çäginde ýerleşýän 1500 orunlyk 2-nji sport desgasynda ilatyň sport işjeňliginiň artmagy, oba ýaşlarynyň sportuň dürli görnüşleri boýunça taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagy ugrunda uly tagallalar edilýär.
Geçen ýylyň Remezan aýynda ulanmaga berlen Magtymguly Pyragy metjidi ýurdumyzda aňyrdan gelýän milli ýörelgelerimize uly sarpa goýulýandygyny alamatlandyryp, oba ilatynyň milli däp-dessurlarymyzy berjaý etmeklerine mümkinçilikleri döredýär.
Obanyň çäginde ýerleşýän, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Amanbaý Genjäýew tarapyndan esaslandyrylan «Ýokary hyzmat» hojalyk jemgyýetiniň öndürýän ýokary hilli, döwrebap önümleri diňe bir şu geňeşligiň çägindäki obalaryň ilatyny doly üpjün etmän, eýsem, beýleki welaýatlara, hatda daşary döwletlere-de ugradylyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine mynasyp goşant bolýar. Hojalyk jemgyýetiniň «Amantaý» haryt nyşanly tikin we örme önümleri ilatyň ösen isleglerini doly kanagatlandyrýar.
Obalarda tebigy ary balyny öndürýän telekeçiler hem sanardan köp. «Genç» haryt nyşanly ary balyny uzak ýyllardan bäri ilata hödürläp gelýän Yslam Ýakubowyň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine goşýan goşandy örän uludyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan bu telekeçiniň öndürýän önümi ak bazarlarymyzda islegli harytlaryň hatarynda durýar.
Obalaryň çäklerinde amala aşyrylýan köpugurly işleriň ählisi ilatyň bolelin durmuşda ýaşamagyny, ýaşlaryň aglaba böleginiň iş orunlary bilen üpjün edilmegini şertlendirýär.
— Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde degişli maksatnamanyň esasynda obalarda ilatyň döwrebap ýaşaýşyny üpjün etmek bilen bagly wezipeler durmuşa geçirilýär. Oba ýaşaýjylary asfaltlanan ýollar, tebigy gaz, elektrik energiýasy, arassa agyz suwy bilen üpjün edilip, häzirki zaman ösen durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Obalarda telekeçilik bilen meşgullanýan adamlaryň agdyklyk etmegi bu babatda döredilýän şertleriň we mümkinçilikleriň ýokary netijelerini berýändigini alamatlandyrýar. Bagbançylyk bilen meşgullanýan ildeşlerimiz hem sanardan köp. Üzüm we başga-da dürli miweleriň öndürilişiniň artmagy, bu ugurda köp tejribe toplanmagy netijesinde obalarymyzyň ykdysady durmuşy has-da berkeýär. Bu zatlaryň ählisiniň sakasynda hormatly Prezidentimiziň adam hakdaky aladalarynyň aýdyň hakykaty durandyr — diýip, geňeşligiň Geňeşiniň hünärmeni Sanabar Mätýakubowa uly buýsanç bilen gürrüň berýär.
Hakykatdan-da, ir ertirden başlanýan hereket tä giç agşama çenli dowam edip, oba durmuşynda ýokary galkynyşyň emele gelýändigini, halal zähmetiň rehnet bolup ýagýandygyny, adam hakdaky aladalaryň şamçyrag bolup şugla saçýandygyny alamatlandyrýar.