Döwrüň talabyndan ugur alyp
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Döwrüň talabyndan ugur alyp

Medeniýet
28.11.2022  513

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda hususy telekeçiligi ösdürmek, telekeçileri döwlet tarapyndan goldamak ugrunda uly tagallalar edilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda hereket edýän hususy kärhanalaryň sany barha artyp, telekeçileriň öndürýän önümleri diňe bir içerki bazarlarymyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar. Ýurdumyzda döwür bilen aýakdaş kärhanalaryň sany yzygiderli köpelip, olaryň öndürýän önümlerine bolan islegler barha artýar.

Şeýle kärhanalaryň biri-de Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde ýerleşýän, TSTB-niň agzasy bolan «Şa — Nur» hojalyk jemgyýetidir. Kärhananyň öz işini dowam etdirip gelýänine indi 20 ýyldan gowrak wagt bolupdyr. Bu ýerde, esasan, mahabat işleri, bildirişler, fotoneşir, uly harplar: LED, sergi pawilýonlary, iş otaglary, dükanlar we söwda nokatlary, restoranlar we kafeler, toý zallary, dabaraly çäreler üçin dürli görnüşli ýazgylar, bezegler taýýarlanylýar. Bu önümler welaýatymyzyň şäherleriniň köçelerini, edara-kärhanalaryny bezeýär. Önümler, esasan, buýurmalar boýunça öndürilýär. Kärhanada öz işine ussat, ezber hünärmenler zähmet çekip, olaryň hatarynda çaphana işleri boýunça hünärmen Denis Putilin, hünärmenler Dildar Atajanowa, Rustem Mätýakubow, Bahtyýar Atajanow, elektrik Erke Ýusupow, kebşirleýji Abbas Hudaýarow, frezer kesimi ussasy Serdar Seýtniýazow dagyny agzamak bolar. Kärhananyň hünärmenleri müşderileriň ösen isleglerini kanagatlandyrmakda we ýokary hilli döwrebap serişdeleri taýýarlamakda yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.

Welaýat merkeziniň gözelligine gözellik goşýan dürli görnüşli önümleri öndürýän «Şa — Nur» hojalyk jemgyýetinde alnyp barylýan işleri synlanyňda, ýurdumyzda telekeçilik işiniň hem-de pudagyň mundan beýläk-de ösjekdigine bolan ynamyň has-da artýar.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry
19.05.2026   67
Medeniýet Çeper döredijiligiň halk ussasy
16.06.2026   48
Medeniýet Halypa bagşyny ýatlap
24.07.2025   380
Medeniýet Agajy işläp bejermek sungaty
02.01.2023   665
Medeniýet Halypa bagşylara bagyşlandy
13.09.2025   257
Medeniýet Görelde mekdebi
26.11.2025   166
image