Döwrüň röwşen çyragy
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Döwrüň röwşen çyragy

Jemgyýet
13.01.2026  184

Biri-birinden zyýada gelýän ýyllarymyz, ajaýyp zamanamyz jemgyýetde her bir adamyň öz mynasyp ornuny tapmagy, ygtybarly geljegimizi üpjün etmek babatda giň mümkinçilikleri açýar. Bagtyýar halkymyz ýagşy arzuw-niýetler bilen täze ýylyň bosagasyndan ätledi. Eziz Diýarymyzda asylly däbe görä, her bir ýylyň özüne mahsus şygar bilen atlandyrylmagy halkymyzyň ruhuny belende galdyryp, öňde duran möhüm wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine itergi berýän ruhy güýç bolup hyzmat edýär.

  Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen dabaraly maslahat mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň dabaraly belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň joşgunly şygarynyň many-mazmunyny açyp görkezmekde uly ähmiýete eýe boldy. Dabaraly maslahata welaýat, etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, Mejlisiň deputatlary, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly hem ýaş nesliň wekilleri, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan hem-de dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar.

Dabarada, ilki bilen, welaýat häkimi Döwletgeldi Babaýew çykyş edip, dabara gatnaşyjylary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly bilen gutlap, ata Watanymyzyň ähli ugurlar babatda gazanýan üstünliklerini dabaralandyrmakda, milli gymmatlyklarymyzy sarpalamakda bu ýylyň şygarynyň ähmiýetiniň uludygyny buýsanç bilen belledi.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda giň gerim alýan beýik özgertmeleriň üstünlikli dowam edýändigini, şanly ýylymyzyň şygarynyň bolsa gazanyljak üstünlikleriň dowamat dowam bolup, ýurdumyzyň ösüşleriniň, halkara abraýynyň bedew bady bilen barha belende göteriljekdigine bolan ynamy berkidýändigini nygtadylar.

Dabaraly maslahata gatnaşyjylar berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi ugrunda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.  

Dabaranyň dowamynda Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleriniň taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasy, welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary maslahata gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Dabaraly maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Milli gymmatlyklarymyza sarpa
30.06.2026   119
Jemgyýet Watan goragy — belent mertebe
28.01.2026   175
Jemgyýet Tizlikden ruhlanýan türgen
13.08.2024   399
Jemgyýet Dünýäniň belent ykrary
09.01.2026   201
Jemgyýet Bagtyýarlygyň we rowaçlygyň binýady
09.04.2026   132
Jemgyýet Saglyk ulgamynyň ösüşli menzilleri
10.01.2025   416
Jemgyýet Wagyz-nesihat maslahaty
13.07.2024   505
image