Döwrüň rowaçlygy
weather dashoguz 40° C Daşoguz

Döwrüň rowaçlygy

Jemgyýet
26.07.2025  227

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda alnyp barylýan beýik işleri wagyz etmek maksady bilen, TDP-niň Daşoguz şäher komiteti welaýat kitaphanasy bilen bilelikde «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirdi. «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özgertmeler syýasaty — taryhy eýýamyň ganaty» atly şygar bilen geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet syýasatynyň ugurlary boýunça gazanylýan ösüşler dogrusynda özara pikir alyşdylar.

Häzirki wagtda taryhy özgertmeleriň esasynda her bir ugurda amal edilýän beýik işler döwletiň hem jemgyýetiň ösüşiň belent menzillerine tarap ynamly öňe barýandygyny görkezýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň abraýy has-da artýar, halkyň durmuş ýagdaýy döwrebap derejede gowulanýar. Maksatly tutumlara beslenen şeýle özgertmeler döwletimiz bilen dünýä jemgyýetçiliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan ýokary derejä çykmagyna uly mümkinçilikleri berýär. Bu bolsa diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň ýagty geljeginiň hatyrasyna alnyp barylýan işleriň rowaçlanýandygyna aýdyň kepil bolup durýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Hukuk binýady berkidilýär
14.10.2025   172
Jemgyýet Ýurduň daýanjy ýaşlar
14.02.2023   451
Jemgyýet Rowaç menzilleriň beýany
19.06.2026   79
Jemgyýet Sagdyn geljegiň binýady
23.10.2024   387
Jemgyýet Gül zeminiň zynaty
07.03.2026   117
image