​​​​​​​Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy
weather dashoguz 26° C Daşoguz

​​​​​​​Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Jemgyýet
09.12.2024  307

Türkmen edebiýatynyň göwher gaşy Pyragynyň çeper döredijiligine degişli, çuň many-mazmuna eýe bolan medeni mirasymyz bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Söz ussadynyň eserlerinde türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerlik, agzybirlik, adalatlyk we watansöýüjilik şahyrana beýan edilýär.

Häzirki wagtda Pyragynyň goşgulary dünýäniň birnäçe dillerinde terjime edildi. Bu bolsa şahyryň eserleriniň diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýüzünde uly gyzyklanma eýe bolýandygyny görkezýär.

Şahyryň ýiti galamyndan dörän pähim-paýhas parçalaryny, halkymyza miras goýan edebi eserleri gözüň göreji deýin goralmaga, içgin öwrenilmäge hem-de Ýer ýüzüne ýaýylmaga mynasypdyr. Söz mülküniň şasy Pyragynyň dürdäne setirleri, paýhasly jümleleri halk içinde dilden-dile geçip, il-günüň içinde aýdyma-saza öwrülip ýaşaýar.

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çap edilen «Magtymguly» atly kitap hem şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna ajaýyp toý sowgady boldy. Bu kitap dünýäniň ençeme dillerinde terjime edilip, dünýä jemgyýetçiliginde öçmejek ruhy çyragyna öwrüldi.

Halkynyň asuda we parahat durmuşda ýaşamagyny arzuw eden beýik akyldar nesillere çuňňur pähim-paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp edebi mirasy galdyrdy. Pyragynyň zehininden syzylyp çykan eserleriniň ählisi ýaşlar üçin görelde we terbiýe mekdebidir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ynsan-gymmatly baýlyk
15.09.2025   132
Jemgyýet Okuw maslahaty geçirilýär
19.07.2024   421
Jemgyýet Çäreler täsirli geçdi
06.05.2026   21
Jemgyýet Saglyk — gymmatly baýlyk
08.07.2025   191
Jemgyýet Şu günki yhlas — ertirki üstünlik
04.04.2024   371
Jemgyýet Egsilmez buýsanjyň beýany
15.05.2025   245
Jemgyýet Talyplar bäsleşdiler
26.12.2025   99
image