Täze taryhy döwrümizde durmuşa geçirilýän belent tutumlara işjeň goşulyp, halal hem tutanýerli zähmet çekmek bilen, nusgalyk görelde görkezmekde ýurdumyzyň bagtyýar zenanlarynyň hem mynasyp orny bardyr. Olar döwlet durmuşynyň dürli ugurlarynda zähmet çekýärler, ýurduň geljegi hem daýanjy bolan kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmekde, türkmen maşgalasynyň agzybirligi, maşgala sütüniniň berkligi, gatnaşyklaryň mizemezligi ugrunda aýratyn hyzmat bitirýärler. Bu işlerde Daşoguz şäheriniň zenanlar bölüminiň ilkinji guramalaryny düzýän agzalaryň hem mynasyp ornunyň bardygyny aýratyn belläp geçmek ýerlikli bolar. 170-den gowrak ilkinji guramasy, 35 müňe golaý agzasy bolan şäher zenanlar bölümi tarapyndan döwrüň ruhuna mahsus işler alnyp barylýar.
Häzirki wagtda gyz-gelinlerimiziň hünär ussatlyklaryny açyp görkezmäge amatly şertler bar. Şu nukdaýnazardan, olaryň alyp barýan işleri dünýä zenanlarynyň ünsüni özüne çekip, dürli hilli çäreler arkaly tejribe hem pikir alyşmaga uly mümkinçilikler döredilýär.
Ýeri gelende, TZB-niň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilýän bäsleşikleriň aýratyn ähmiýetini hem buýsanç bilen bellemeli. Döwlet durmuşynda kämil hünärmen hökmünde zähmet çekýän zenanlar milli gymmatlyklarymyzyň, sünnäli işleriň aýratyn görnüşleri boýunça hem öz ussatlyklaryny açyp görkezýärler. «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň geçen ýyldaky tapgyrynda Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 25-nji orta mekdebiň mugallymy Ýazbibi Mämedowa bilen şäheriň 30-njy çagalar bagynyň terbiýeçisiniň kömekçisi Sülgünjemal Potyýewa baş baýraga, «Ýylyň zenany» atly bäsleşikde telekeçi zenan Bagtygül Meretgylyjowa «Ýylyň telekeçi zenany» diýen ada eýe boldy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda bolsa «Zergärçilik sungatym — miras daragtym» atly bäsleşikde Daşoguz şäherindäki 22-nji orta mekdebiň surat-çyzuw mugallymy Çemen Käbeýewa döwlet derejesinde 2-nji orna, Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Kurbanaý Genjaýewa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp boldular. Zenanlaryň gazanýan bu üstünlikleri olar bilen alnyp barylýan işleriň ýokary netijelidigini doly açyp görkezýär.