Döwrüň belent waspy
weather dashoguz 6° C Daşoguz

Döwrüň belent waspy

Jemgyýet
18.06.2026  133

Daşoguz welaýatynyň merkezinde, şäheriň görküne-görk goşup oturan Magtymguly meýdançasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Magtymguly, sözlerim saza goşsaň, uz bolar» atly aýdym-sazly dabara geçirildi.

Dabarada taryhy döwürde milli sungatymyzyň köpöwüşginliligi we baý many-mazmunlylygy, milli medeniýetimiziň gülläp ösüşi barada buýsanç bilen nygtap geçdiler. Dabarada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren, dana şahyrymyzyň sözlerine döredilen halk we estrada aýdymlary dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik toparynyň taýýarlan edebi-sazly çykyşlary täsirli boldy. Şeýle hem welaýatyň birleşen aýdymçylarynyň, dessançy bagşylarynyň, welaýat we şäher çagalar sungat mekdepleriniň çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary goşa baýramçylyk mynasybetli guralan dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Nurana baýramçylygyň şatlygy
31.12.2024   442
Jemgyýet Joşguna beslenen dabara
25.06.2025   338
Jemgyýet Dabaraly maslahat
09.02.2026   166
Jemgyýet Baş baýrama toý sowgady
20.09.2024   540
Jemgyýet Biraýlyk üstünliklere beslendi
30.09.2025   241
Jemgyýet Kitaphanaçylar bäsleşdiler
19.12.2025   241
Jemgyýet Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
14.10.2024   455
image