Döwrümiziň sylagly ýaşulusy
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Döwrümiziň sylagly ýaşulusy

Jemgyýet
11.08.2026  79

Her bir raýatyň abadan durmuş goraglylygyny üpjün etmekde, maşgalany goldamakda we nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ynsanyň uzak ýaşamagy üçin sagdyn durmuş medeniýetiniň rowaçlanmagy arkaly gazanylýan üstünlikler halkara derejesinde ýokary bahalara mynasyp bolýar. Türkmençilikde uzak ýaşan adamlar ýüze sylynýar. Olaryň durmuş ýollary köplerde gyzyklanma, bilesigelijilik, tebigy ymtylyş döredýär. Güneşli Diýarymyzda ykbal menzilleri dokuzynjy müçäni gäden köpsanly raýatlar bar. Şeýle raýatlaryň biri hem Aşyrgeldi Haljykowdyr. Bu ildeşimiz Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Bereket geňeşliginiň Ýagtylyk obasynda ýaşaýar. Müçe ýyl hasaby boýunça geçen asyryň bars ýylynda dünýä inen Aşyrgeldi aga 1939-njy ýylda obasynda açylan ilkinji başlangyç bilim berýän 40-njy orta mekdebi tamamlaýar. Häzirki wagtda etrapda uzak ýaşly ýaşuly nesilleriň biri hökmünde tanalýan Aşyrgeldi aga 1940 — 1948-nji ýyllar aralygynda etrabyň «Bereket» daýhan birleşiginde pagtaçy daýhan bolup zähmet çekýär. Uly maşgalada kemala gelen Aşyrgeldi aga 1949 — 1954-nji ýyllar aralygynda Russiýanyň dürli künjeklerinde harby gulluk borjuny berjaý edýär. 1955 — 1991-nji ýyllar aralygynda ol etrapda görnükli gallaçy daýhan, bakja ekinleriniň tanymal ussady, bagban hem-de ösümlikleri zyýankeşlerden goramagyň ezber bilermeni hökmünde özüni tanadýar. 1955-nji ýylda Aşyrgeldi aga etrapda ökde halyçy, göreldeli keşdeçi-tikinçi, tejribeli ýygymçy, öňdebaryjy ýüpekçi zenan hökmünde tanalýan Sapargül Iljanowa bilen durmuş gurýar. 1995-nji ýylda Aşyrgeldi aga Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «1941 —1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 50 ýyllygyna», 2020-nji ýylda «1941 —1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» atly ýubileý medallary bilen sylaglanmagyny ömrüniň iň bagtly pursatlary hasap edýär.

Aşyrgeldi aganyň döwletli maşgalasynyň altyn halkasyny bu günki gün dürli kärlerde zähmet çekýän 10 sany perzent, 37 sany agtyk, 63 sany çowluk, 7 sany ýuwluk, 5 sany gowluk, 2 sany geňlik, 1 sany taňlyk düzýär. Watany söýmegiň, goramagyň hem-de ezizlemegi dowam etdirmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýän, milli gymmatlyklarymyzyň döwrebap derejede ösdürilmegine, halk hünärmentçiligi boýunça halypa-şägirtlik mekdebiniň rowaçlanmagyna uly goşant goşýan, halkyň söýgüsi bilen alkyşlanýan, ojagy mähir alawyndan doly, ömri we ykbaly nusgalyk mekdep bolan Aşyrgeldi aganyň Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza Watanymyzyň gözelligi, döredijilikli ösüşleri, hoşniýetli gatnaşyklary, röwşen geljegi bilen bagly buýsançly aýdýan arzuwlary kalbyňy ganatlandyrýar. Ömrüň manysyny halal ýaşamakda görýän, öz halkynyň milli ýol-ýörelgesine wepaly hyzmat edýän Aşyrgeldi aganyň nesil dowamatynyň daragty bu günki gün çuňluklara, giňişliklere, täze gurşawlara berk kök urýar, täze hasylly şahalary bilen ösýär. Mähriban keşbi döwletli ojaga gelşik berýän arzyly goja bilen hoşlaşýan pursadymyzda elwan öýmeli gelniniň nesil dowamatyna täze goşulan nowjuwan bäbek bilen bosagadan ätlemegi, Merjen, Seýran atly çowluklarynyň öz saýlan hünär ugurlary boýunça Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyna talyplyga kabul edilendigini buşlaýan hoş habarlar maşgalanyň ähli agzalaryny buýsançly şatlyk joşguny bilen gurşady. Ömri onunjy onluk bilen ýalkanan, ykbal ýollary, zähmet ýeňişleri, halypalyk sapaklary, atalyk ýörelgeleri, maşgalabaşy hökmündäki sargytlary, ýagşylyklary bilen ýaýylýan Aşyrgeldi aganyň mertebeli nebere ýoly döwürleriň sazlaşygynda zehinden, yhlasdan, ruhubelentlikden myrat tapyp, arzuwlar hasyl bolup, bagt aty rowana ýollarda rowaçlyklar bilen zynatlanýar. Bu taryhy hakykatyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Gijesini gündiz edip zähmet çeken watandaşlarymyzyň nusgalyk söweş hem-de durmuş ýollaryny nesiller hiç haçan unutmaz. Beýik taryhymyzdan we baý medeniýetimizden gözbaş alyp gaýdýan ýaşulularymyzyň göreldesi nesiller üçin ebedi ýörelgedir. Merdana watandaşlarymyzyň gahrymançylykly we gaýduwsyz durmuş ýollary nesiller üçin Watana, halka, tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň, wepalylygyň nusgalyk mekdebidir» diýen parasatly sözleri bilen utgaşmagy aýratyn guwandyryjydyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Üstünliklere beslenen taryhy ýyl
29.12.2025   154
Jemgyýet Geňeşli iliň döwletli tutumy
19.08.2024   388
Jemgyýet Bäsleşigiň döwlet tapgyry
27.04.2026   96
Jemgyýet Gymmatly ruhy hazyna
07.01.2026   150
Jemgyýet Çeper elli zenan
08.10.2025   221
Jemgyýet Wysala gowşan ak arzuwlar
21.06.2025   295
Jemgyýet Awaza forumuna bagyşlanyldy
11.08.2025   216
image