Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda ýurdumyzyň Balkan welaýatynda ýaýbaňlandyrylan Medeniýet hepdeligi şatlyk-şowhunly dabaralara beslenýär. Asylly däbe öwrülen bu medeni çäre ajaýyp döwrümizde baý mazmuna eýe bolup, barha rowaçlanýar.
Şu mynasybetli Daşoguz welaýat häkimliginiň, Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Daşoguz şäherindäki «Görogly» meýdançasynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara medeniýet we sungat, döredijilik işgärleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri, teatr artistleri ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Onda çykyş edenler milli medeniýetimize, sungatymyza uly sarpa goýýan, ony dünýä ýaýmakda uly tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler.
Dabaranyň dowamynda zähmetde tapawutlanan medeniýet işgärlerine TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Soňra welaýatyň döredijilik toparlary, tanymal aýdymçy-sazandalary, artistleri çykyş edip, dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýladylar. Şirin owazly aýdymlarda bedew batly ösüşlerimiz, ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikler öz beýanyny tapdy.