Döwrebaplygyň we gözelligiň nusgasy
weather dashoguz 40° C Daşoguz

Döwrebaplygyň we gözelligiň nusgasy

Jemgyýet
16.06.2025  244

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, ählitaraplaýyn ösüşiniň we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň dünýä nusgalyk keşbi «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilýän Arkadag şäheriniň mysalynda aýdyň şöhlelenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly tagallasy we uzak geljegi nazarlaýan başlangyjy bilen bina edilýän döwlet ähmiýetli şäher täze taryhy döwrüň giň gerimli şähergurluşyk taslamasy bolup, ol häzirki zamanyň döwrebap «akylly» tehnologiýalarynyň we innowasiýalarynyň arassa ekologiýa gurşawy bilen özboluşly sazlaşygyny alamatlandyrýan «ýaşyl» şäher konsepsiýasynyň ajaýyp nusgasydyr.

Ägirt uly geljegi bolan Arkadag şäheriniň häzirki wagtda ikinji tapgyrynyň gurluşygy güýçli depginde, üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak meselelerine, aýratyn-da, gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeleriň ýokary hilliligine, uzak möhletleýinligine we bezeg babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine yzygiderli amala aşyrýan iş saparlary hem bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň aýratyn üns merkezinde saklanylýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Şähergurluşyk taslamasynyň döwrebaplygy we ekologiýa abadançylygynyň ýokary talaplaryna laýyk gelýändigi üçin halkara güwänamalaryň ençemesine mynasyp bolan Arkadag şäherinde alnyp barylýan ägirt uly işleriň taryhy ähmiýetinde berkarar döwletimiziň adam hakyndaky aladalary öz beýanyny tapýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ajaýyp döwrümiziň gudraty bolan Arkadag şäheriniň açylanyna iki ýyl bolýar. Gojaman Köpetdagyň eteginde ägirt uly we döwrebap şäheriň peýda bolmagynda berkarar döwletimiziň bedew batly ösüşi, barha öňe ilerleýän galkynyşly menzilleri äşgär görünýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasady, egsilmez yhlasy we uzak geljegi nazarlaýan başlangyjy bilen bina bolýan Arkadag şäherinde amala aşyrylýan nusgalyk işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm wakasy hökmünde ata Watanymyzyň täze taryhynyň şanly sahypalarynda mynasyp orun alýar, halkymyzyň belent buýsanjyna öwrülýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ählumumy parahatçylygyň nusgalyk ýoly
30.10.2025   188
Jemgyýet Wagtlaryny hoş geçirýärler
10.06.2024   391
Jemgyýet Watanyň mertebe tugy
09.03.2024   1155
Jemgyýet Semeni tagamy
21.03.2026   84
Jemgyýet Dostlukly ýörelgeler rowaçlanýar
10.11.2025   199
Jemgyýet Awaza forumuna bagyşlanyldy
11.08.2025   203
Jemgyýet Täze üstünliklere tarap
07.02.2026   155
image