Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň telekeçilik ulgamy milli ykdysadyýetimiziň möhüm bölegine öwrülip, onuň ösmegine saldamly goşant goşýar. Munuň özi onuň dürli ugurlarda, şol sanda, gurluşyk pudagynda amala aşyrýan giň möçberli işleriniň netijesidir. Bu babatda uly üstünliklere eýe bolýan telekeçilik kärhanalary Daşoguz welaýatynda-da az däl. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Hydyrly Bina» hususy kärhanasy hem olaryň biridir. Ýakynda şu kärhananyň ýolbaşçysy Orazgeldi Hydyrow hususy kärhananyň alyp barýan işleri barada şeýle gürrüň berdi:
—Kärhanamyz 7 ýyldan gowrak wagt bäri Daşoguz welaýatynyň dürli ýerlerinde gurluşyk işlerine gatnaşyp gelýär. Has anygyny aýtsak, bu kärhana 2018-nji ýylda açyldy. Şondan soňra, geçen döwrüň dowamynda ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesini gurup, ildeşlerimiziň ygtyýaryna berdik. Häzirki wagtda olaryň şol binalaryň amatly şertleriniň hözirini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşaýandyklaryna çäksiz guwanýarys.
Biziň ilki işe başlan ýerimiz Daşoguz şäheriniň «Gülüstan» ýaşaýyş toplumy boldy. Şonda onuň çäginde 1 gatly, 3-4 otagly öýleriň 10-a golaýyny gurmak barada şertnama baglaşdyk. Şunlukda, olaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlap, eýelerini begendirdik. Ondan soňra Daşoguz şäheriniň günorta-günbatar künjeginde geçen ýyl açylyp ulanmaga berlen ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynda iş alyp bardyk. Bu ýerde 4 sany köp gatly ýaşaýyş jaýlaryny gurduk. Anygyny aýtsak, olaryň 3 sanysy 4 gatly, her biri 24 öýli, 1 sanysy 4 gatly, 16 öýli ýaşaýyş jaýlarydyr. Olaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlap, abraý gazanmagymyz, şonuň bilen birlikde-de, şeýle döwrebap toplumyň döredilmeginde öz goşandymyzyň bolmagy bizi has hem gaýratly işlemäge ruhlandyrdy. Şeýlelikde, ýene-de täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna başladyk. Häzirki wagtda olaryň gurluşygyny depginli dowam etdirýäris.
Şu günlerde welaýatyň çäginde, ýagny Daşoguz şäheriniň «Gülüstan» ýaşaýyş toplumynda 1 gatly öýleriň 2 sanysynyň gurluşygyny alyp barýarys. Olardan başga-da, ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda jemi 40 sany 1 gatly, 4-5 otagly öýleri gurmak barada şertnama baglaşdyk. Häzirki wagtda olaryň 5 sanysynyň gurluşygy gidip dur. Nesip bolsa, bu toplumyň gurluşygyny-da bellenilen möhletde tamamlarys diýen tamamyz bar.
Umuman, kärhanamyzda jemi 100-e golaý işçi-hünärmenler zähmet çekýän bolsa, olaryň ählisiniň hem öz borjuna düşünip, oňat görelde görkezýändikleri bizi guwandyrýar. Nesip bolsa, geljekde-de hemmämiz agzybirlikli zähmet çekip, täze-täze ymaratlary, ýaşaýyş jaýlaryny gurup, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz — telekeçilere bildirýän uly ynamyny ödemäge çalşarys.