Golaýda TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň guramagynda ýurdumyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kärdeşler arkalaşyklarynyň döwrebap wezipeleri» atly okuw-maslahat geçirildi. Oňa KA-nyň Daşoguz welaýat, etrap birleşmeleriniň jogapkär işgärleri, bilim, saglygy goraýyş, jemagat, oba hojalygy we beýleki ulgamlara degişli edara-kärhanalardaky ilkinji guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatda çykyp geplänleriň aýdanlaryndan görnüşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, şol hatarda KA-nyň alyp barýan işleriniň geriminiň giňeldilmegine, netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna uly goldaw berýär. Munuň özi KA-nyň birleşmeleriniň, ilkinji guramalarynyň halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmak babatdaky tagallalara goşant goşmak, zähmet adamlarynyň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak, olary täze üstünliklere ruhlandyrmak, zähmeti goramak ýaly ugurlar boýunça möhüm çäreleri yzygiderli amala aşyrmaklaryna ýardam edýär. Şonuň ýaly-da KA-nyň işiniň hukuk binýadynyň berkidilmegi, oňa öňdebaryjy tejribeleriň, has netijeli usullaryň ornaşdyrylmagy bu babatda örän uly ähmiýete eýe bolýar. Bu barada aýdylanda, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen «Kärdeşler arkalaşyklary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegini, şeýle hem birnäçe kadalaşdyryjy resminamalaryň güýje girizilmegini bellemek bolar.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň bir topary özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça beren sowallaryna giňişleýin hem-de anyk jogaplary aldylar. Şeýlelikde, pikir alyşmalar örän işjeň ýagdaýda geçip, maslahatyň çäklerinde guralan medeni-sport çäreleri, syýahatçylyk zolagynyň gözel ýerlerine gezelençler hemmelerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.