Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzyň ulag ulgamyny ýokary derejelere çykarmak ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Munuň özi halk hojalyk ýükleriniň ygtybarly daşalmagynyň üpjün edilmegi bilen birlikde, ýolagçy gatnatmakda döwrüň talaplarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir. Bu babatda Daşoguz welaýatynyň «Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşiginde alnyp barylýan işler aýdylanlara doly güwä geçýär.
Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşoguz welaýatyna iş saparynyň barşynda welaýatyň ýaşaýjylaryna 200 sany döwrebap awtobusy sowgat bermegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çünki olar kärhananyň ýolagçylara hyzmat etmekde mümkinçiliklerini has giňeltdi hem-de hilini gowulandyrdy. Munuň üçin sürüjileriň hem, ýolagçylaryň-da hormatly Prezidentimize hoşallyklarynyň çägi ýok.
Hawa, şol awtobuslary welaýatyň etraplarynyň, obalarynyň ýollarynda häli-şindi görmek mümkin. Başgaça aýdylanda, olaryň kömegi bilen kärhananyň hyzmat ediş çäkleri iň çetki obalara çenli giňeldi. Bu hem şol ýerlerde ýaşaýan, zähmet çekýän adamlaryň baryş-gelişlerini has ýeňilleşdirdi diýsek, ýalňyş bolmaz. Şonda täze awtobuslaryň rahatlygy, oňaýlylygy, ykjamlygy köpçüligiň göwnünden turup, adamlaryň uzak-ýakyn aralyklara öz wagtynda ýetmeklerine ýardam berýär.
Kärhanada ýolagçylara hyzmat etmek ýörite ugurlar boýunça amala aşyrylýar. Olar şäheriçi, şäherýaka hem-de şäherara ugurlar diýlip atlandyrylýar. Olaryň birinjisi, Daşoguz şäheriniň içinde ýolagçylara hyzmat etmegi aňladýan bolsa, ikinjisi, onuň golaýlaryny, ýagny 70 kilometre çenli aralykdaky obadyr şäherleri öz içine alýar. Üçünji şäherara ugry boýunça Köneürgenç, Saparmyrat Türkmenbaşy şäherlerine, Ruhubelent şäherçesine çenli aralyklarda ilata hyzmat edilýär. Şu ugurlarda hereket edýän awtobuslaryň ählisi has tejribeli, öz işine ýokary jogapkärçilik bilen çemeleşýän sürüjilere berkidilen. Ýeri gelende olardan Döwlet Şyhmämmedowyň, Maksat Allamowyň, Amanmyrat Ilýasowyň, Dädemyrat Baýramowyň atlaryny agzap geçeliň. Mundan başga-da, her gün irden awtobuslaryň guratlygyny, sürüjileriň saglygyny barlagdan geçirýän gulluklar, degişli hünärmenler bar. Olar hem öz işini talabalaýyk ýerine ýetirip, ýolagçylara edilýän hyzmatyň göwnejaý bolmagyna goşant goşýarlar.
Kärhanada awtobuslardan başga-da, mundan birnäçe ýyl öň ilata taksi hyzmaty hem ýola goýuldy. Häzirki wagtda ýeňil taksi ulaglarynyň 80-den gowragy ilata hyzmat edýär. Şonda müşderiler olary öýlerine, iş ýerlerine ýa-da başga bir zerur ýumuşlar üçin çagyryp bilýärler. Bir söz bilen aýdylanda, taksi hyzmaty hemmeler üçin oňaýly hem-de elýeterlidir.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Daşoguz welaýatynyň çäkleri gadymy taryhy ýadygärlikleriň, keramatly, mukaddes ýerleriň mesgeni hasap edilýär. Şeýle bolansoň, olara syýahat edýän adamlar hem az däl. Şony nazara almak bilen kärhana olar üçin özbaşdak hyzmaty, ýagny syýahatçylyk ugryny hem gurady. Eger şol ýerlere gitmek isleýänler bar bolsa, öz toparlarynyň adyndan kärhana ýüz tutup bilýärler. Kärhananyň olary täze, rahat ulaglar bilen elýeterli bahalardan üpjün etmäge mümkinçiligi bar.
Şeýle hem kärhana häzir döwlet ýa-da telekeçilik kärhanalary bolsun, tapawudy ýok, öz işgärlerini gatnatmak üçin olara awtoulag kömegini bermäge hem taýýar. Bu iş ýörite düzülen şertnama arkaly, iki tarap üçin hem bähbitli ýagdaýda amala aşyrylýar.