Döwrebap önümçilik — üstünlikleriň kepili
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Döwrebap önümçilik — üstünlikleriň kepili

Ykdysadyýet
26.08.2026  53

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly Daşoguz welaýatynda hem  gurluşygy alnyp barylýan ýaşaýyş jaý toplumlary, durmuş-medeni maksatly binalar hem-de önümçilik desgalary halkymyzyň abadan, bagtyýar hem-de parahat durmuşda ýaşamagyna ýardam eder. Bu gurluşyklaryň ýokary hilli we döwrebap bolmagynda bolsa Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawody möhüm orun eýeleýär. Zawodda jaýlaryň üstüni basyrmakda ulanylýan plitalar, çarhaw daşlary, fundament bloklary, lagym guýulary üçin gapaklar, dürli ölçegli turbalar we ýol jähekleri ýaly gurnama demir-beton önümleri öndürilip, gurluşyk meýdançalaryna ugradylýar.

Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygyna barylýan günlerde bu zawodyň önümçiliginiň ösüş depgini, gazanylan görkezijiler barada golaýda zawodyň önümçilik bölüminiň başlygy Gamyz Narmedow şeýle gürrüň berdi:

— Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna zähmet üstünlikleri bilen barýan zähmet toparymyz 7 aýlyk meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirdi. Häzirki wagta çenli önümçilik kärhanamyzyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan 15 müň 682 kub metriň deregine 15 müň 716 kub metr demir-beton önümleri öndürilip, meýilnama 100,2 göterim berjaý edildi. Mundan başga-da, keramzit öndürmek boýunça meýilnamada bellenilen 3800 kub metre derek, onuň 6100 metri öndürilip, bellenen wezipeler 100,65 göterim ýerine ýetirildi. Gazanylan bu üstünlikler hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilip berilýän giň mümkinçilikleriň, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan 200-den gowrak agzybir işgärlerimiziň yhlasly zähmetleriniň netijesinde mümkin boldy.

Zawodda täze tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygy her bir ädimde duýulýar. Döwrüň ösüşi önümçilikde täze tehnologiýalary, innowasion iş usullaryny we awtomatlaşdyrylan enjamlary giňden ulanmagy talap edýär. Zawodda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň sebitiň howa şertlerine durnuklylygyny üpjün etmekde tehnologik täzelenmeler möhüm orun eýeleýär. Bu ýerde ornaşdyrylan täze enjamlar, olaryň iş netijeliligi we önümçiligi döwrebaplaşdyrmak barada kärhananyň baş inženeri Myrat Aýtmedow şeýle diýdi:

— Zawodymyzda ornaşdyrylýan täze tehnologiýalar önümçiligiň berk binýady hasaplanýar. Hytaý Halk Respublikasyndan döwrebap bordýur stanogy satyn alnyp, önümçilige ornaşdyryldy. Bu bolsa zawodymyzyň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmakda möhüm ädim boldy. Häzirki wagtda zawodymyzda kuwwatly beton garyjy enjamlaryň bökdençsiz işläp durmagy işiň netijeliligini birnäçe esse artdyrdy. Şeýle-de bu ýerde oturdylan döwrebap liniýa arkaly köp gatly binalar üçin daşky hem-de içki diwar panelleriniň, örtük plitalarynyň önümçiligi doly özleşdirildi.

Halal zähmeti we ýokary ussatlygy bilen önümçiligiň hilini üpjün edýän hünärmenler zawodymyzyň buysanjydyr. Önümçiligiň iň jogapkärli bölümlerinde köp ýyldan bäri zähmet çekýän hünärmenlerimizden Durdymyrat Rejepowy, Begi Begiýewi, Aýnazar Gurbanowy, Amangeldi Orazowy aýratyn bellemek bolar. Olaryň öz işine bolan yhlasy we ussatlygy zawodyň umumy üstünligine ýardam edýär.

 Bu kärhanada gazanylýan ýokary görkezijiler, önümçiligiň ösüş depgini hem-de yzygiderli ornaşdyrylýan döwrebap tehnologiýalar sebitde gurluşyk-senagat ulgamynyň täze belentliklere göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysdady kuwwatyny artdyrmak hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak barada edýän taýsyz tagallalaryna jogap edip, kärhananyň agzybir işçi-hünärmenleriniň sebitde amala aşyrylýan gurluşyklary gurluşyk önümleri bilen üpjün etmäge hem-de şanly baýramçylyklarymyzyň täze zähmet üstünlikleri bilen garşylanylmagyna mundan beýläk hem öz saldamly goşantlaryny goşjakdyklaryna ynam bar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ýörite tehnikalaryň täze tapgyry
15.01.2026   165
Ykdysadyýet Bereket önýän meýdanlar
27.06.2024   359
Ykdysadyýet Döwrebap kärhananyň üstünlikleri
13.05.2023   381
Ykdysadyýet Kombaýnlar möwsüme taýýar
21.05.2025   259
Ykdysadyýet Ýeriň berekedi yhlasa bagly
06.05.2025   257
Ykdysadyýet Tebigat
03.01.2025   366
Ykdysadyýet Maldarlaryň zähmet üstünligi
08.05.2026   142
Ykdysadyýet Gyzgalaňly günleriň zähmet joşguny
26.08.2025   217
image