Daşoguz welaýatynyň «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň çägine gireniňden ertekilerde taryp edilişi ýaly, bagy-bossanly, goýny salkyn saýaly, ýodalary gül-lälezarly, serhowuzly, sapaly mesgene geleniňi duýýarsyň. Häzirki wagtda bu ýerde bagtyýar çagalaryň üç ýüze golaýy tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan we mazmunly geçirýärler, sapaly dynç alýarlar.
Merkeziň suw howuzlarynda, sport meýdançalarynda, kompýuter-oýun attraksionlarydyr oýun meýdançalarynda çagalar wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Kitaphanadyr okalga zallary hem çagalaryň tüýs halaýan mesgeni. Merkeziň baý kitaphana gory çagalaryň kitap okamaga bolan höweslerini doly kanagatlandyrýar. Dynç alyş möwsüminiň dowamynda sport ýaryşlary, daşary ýurt dilleri boýunça, şeýle hem goşgy aýtmak, surat çekmek ýaly döredijilik bäsleşikleri hem guralýar. Şonuň ýaly-da welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, taryhy ýadygärliklerdir gadymy galalara guralýan gezelençler hem çagalaryň ýadynda ýakymly, unudylmajak täsir galdyrýar.
Merkeziň salkyn saýaly goýnunda bagtyýar nesilleriň dynç alyş möwsüminiň her bir pursady aýratyn many-mazmunlylygy, täsirliligi bilen ýatda galýar. Çagalaryň sport meýdançalaryndaky şadyýan oýunlaryny, dabaralar zalynda guraýan şowhunly çykyşlaryny, döredijilik, hünär gurnaklarynda olaryň işe, zähmete bolan höweslerini synlanyňda, gezelenç ýodalarynda, saýaly baglaryň arasynda eşidilýän bagtyýar gülkülerini eşideniňde ajaýyp döwrümize buýsanç duýgusy kalbyňy ganatlandyrýar.