Döwrebap merkezde okuw sapagy
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Döwrebap merkezde okuw sapagy

Jemgyýet
04.06.2025  300

Geçen ýyl, Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň günorta-günbatar künjeginde ýaşaýyş jaý we desgalar toplumy bilen bir wagtda «KAMAZ» okuw-hyzmat ediş merkeziniň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi welaýatyň durmuşynda uly waka öwrüldi. Bu merkez häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk öndürilýän «KAMAZ» kysymly awtoulaglara tehniki hyzmat etmeklige niýetlenendir. Bu awtoulaglaryň köp sanlysynyň satyn alnyp, ýurdumyza, şol sanda welaýata getirilendigi, olaryň gurluşyk, oba hojalyk pudaklarynda giňden ulanylýandygy mälimdir.

Bu merkeziň welaýatyň awtoulag kärhanalarynyň sürüjileriniň hünärini kämilleşdirmeklige, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde degişli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işlere hem ýakyndan ýardam berýändigini bellemek gerek. Ýakynda Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary hem merkeziň ýörite abzallaşdyrylan otaglarynda okuw sapaklaryny geçdiler. Bu olaryň nazary bilimlerini amalyýetde has çuňlaşdyrmaklaryna şert döretdi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ak bagtymyzyň şäheri
11.12.2025   167
Jemgyýet Şöhratly taryhyň şaýady
22.12.2025   237
Jemgyýet Syýasy işjeňlik — döwre ýaraşyk
28.03.2025   411
Jemgyýet Bäsleşik geçirildi
18.03.2024   602
Jemgyýet Salamlaşmak edebi
21.01.2026   206
Jemgyýet Bäsleşigiň şäher tapgyr
12.02.2023   495
image