Döwrebap kärhananyň üstünlikleri
weather dashoguz 3° C Daşoguz

Döwrebap kärhananyň üstünlikleri

Ykdysadyýet
13.05.2023  128

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrigi 2010-njy ýylda açylan önümçilik kärhanasydyr. Ol ýylda 16,6 müň tonnadan gowrak pagta süýümini gaýtadan işläp, ondan dürli ölçegdäki nah ýüplükleriň 14,5 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.

Fabrik geçen döwrüň dowamynda diňe bir welaýatda däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň dokma senagatynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň hataryna goşuldy. Munuň şeýle bolmagyna onuň bellenilen ugurdaky giň mümkinçilikleri, şonuň ýaly-da bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýokary derejede guralmagy şert döretdi.

Häzirki wagtda bu ýerde işçi-hünärmenleriň 500-den gowragy zähmet çekýär. Olaryň esasy böleginiň gelin-gyzlardan ybaratdygyny hem bellemeli. Şeýle-de kärhanada işlemäge isleg bildirýän ýaşlaryň barha artýandygy guwandyryjy ýagdaýdyr.

Kärhananyň önümçilik meýilnamasy yzygiderli ýerine ýetirilýär. Muny ýylyň geçen 4 aýynda ýetilen sepgitleriň mysalynda-da görmek bolýar. Şonda önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,6 göterim boldy.

Belli bolşy ýaly, fabrik öz öndüren önümlerini ýurdumyzyň dokma kärhanalaryna, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlaryna, ýagny Özbegistan, Azerbaýjan Respublikalaryna, Pakistan, Hindistan ýaly döwletlere eksport edýär. Fabrigiň önümlerine islegleriň şeýle ýokary bolmagyny olaryň hiliniň dünýä ölçeglerine laýyk gelýändigi, bäsdeşlige talaplaryň derejesinde ukyplydygy bilen düşündirmek bolýar.

Fabrikde şeýle ýokary ölçeglere, dünýä ülňülerine kybap gelýän önümleriň öndürilmeginde bu ýerde ornaşdyrylan häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň kömegi örän uludyr. Çünki nah ýüplükleriň berkligi, bellenilen ölçeglere laýyk gelmegi olaryň hereketleri bilen berk baglanyşyklydyr. Bu ýerde Italiýa, Germaniýa, Türkiýe döwletlerinden getirilen egriji enjamlaryň güýjünden peýdalanylýar. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň has-da gülläp ösmeginde uly ähmiýete eýedir.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy
12.12.2024   74
Ykdysadyýet Bank hyzmatlary döwrebaplaşdyrylýar
17.07.2024   108
Ykdysadyýet Halal gazanjyň höziri
28.11.2024   70
Ykdysadyýet Hasyl toýuna
09.11.2024   76
Ykdysadyýet Täze kärhananyň batly gadamlary
18.07.2024   90
Ykdysadyýet Ýaşyl öwüsýän meýdanlar
12.11.2024   52
Ykdysadyýet Ýokary hilli süýt önümleri
25.11.2024   84
image