Döwrebap bilim ojagynyň üstünlikleri
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Döwrebap bilim ojagynyň üstünlikleri

Jemgyýet
10.01.2025  355

Türkmen oba hojalyk instituty 2010-njy ýylyň 13-nji maýynda işe girizildi. Institutda Agronomçylyk we weterinar lukmançylygy, Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetleri, 14 sany kafedra bolup, 18 hünär boýunça 1951 talyp bilim alýar. Institutyň okuw binalar toplumy kiçi mejlishana, 2 otagly (elektron) kitaphana, internet otagy talyplaryň hyzmatynda, 3 sany umumy ýaşaýyş jaýyndan, medeniýet merkezinden, naharhanadan, hojalyk binalaryndan ybaratdyr. Talyplara bilim berilýän okuw otaglary häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary bilen doly abzallaşdyrylan, bu ýaşlara kämil derejede bilim almaga, hünär öwrenmäge ýardam edýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen ders bäsleşiklerinde biziň institutymyzyň topary üstünlikli çykyş edip, baýrakly orna eýe boldy. Şeýle hem talyplarymyz halkara bäsleşiklerde 3 sany altyn, 4 sany kümüş, 8 sany bürünç medallary gazandylar.

Institutda ylmy barlag işleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan tassyklanan temalardan, meselem: «Şorlaşan ýerleri özleşdirmekde galofit ösümliklerini peýdalanmak», «Daşoguz welaýatynyň çäklerinde gowaçany takyk ekmegiň tehnologiýasyny işläp düzmek», «Gowaçany damjalaýyn suwarmagyň netijeli usullaryny işläp düzmek», «Altyn asyr» Türkmen kölüniň akabalarynyň suwuny ekerançylykda ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek» ýaly temalarda aspirantlar ylmy işleri alyp barýarlar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Kämilligiň gözbaşy
05.11.2025   130
Jemgyýet Magtymguly Pyragy — ylham çeşmesi
20.03.2024   457
Jemgyýet Maňlaýa sylmaly mukaddeslikler
21.01.2025   287
Jemgyýet Zergärçilik sungatym — miras daragtym
10.05.2025   298
Jemgyýet Sapaly kenaryň ajaýyp goýnunda
20.11.2024   351
Jemgyýet «Hemedan daş bolsa...»
05.11.2025   141
Jemgyýet Bagtyýarlygyň binýady
02.09.2025   173
image