Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şatlyk-şowhuna beslenip gelýän her bir ýyla mynasyp at berlip, onuň şan-şöhraty belende galdyrylýar. Şeýle paýhasly ýörelgä eýermek bilen, şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy hem hemmeleriň göwünlerini galkyndyrýar.
Golaýda TDP-niň Daşoguz welaýat hem-de Daşoguz şäher komitetleriniň welaýatyň ykdysady ulgamyna degişli edaralary bilen bilelikde guran maslahatynda hem bu aýdyň ýüze çykdy. Daşoguz welaýat salgyt bölüminde geçirilen maslahata bu ulgamda zähmet çekýän adamlaryň uly topary gatnaşdy.
Maslahatda çykyş edenler barha rowaçlanýan döwrümizde şu ýyla şeýle ajaýyp adyň berilmeginiň çuň manysynyň bardygyny, çünki ata Watanymyzda bedew batly özgerişleriň amala aşyrylýandygyny, uly ösüşleriň gazanylýandygyny, halkymyzyň arzuw-islegleriniň amala aşyp, maksatlarynyň myrat tapýandygyny uly guwanç bilen bellediler. Munuň anyk mysallaryny welaýatyň çäklerinde-de ýakyndan görmek bolýar. Şäherdir obalarda gurlup ulanmaga berilýän binalar, desgalar, ýaşaýyş jaýlary bagtyýar döwrümiziň nyşanyna öwrülip, halkymyza uly mümkinçilikleri, eşretli durmuşy bagyşlaýar.