Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň dürli pudaklaryna degişli edara-kärhanalarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň ähmiýetini, onda garaljak il-ýurt bähbitli meseleleri giňden düşündirmek maksady bilen geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň gerimi barha giňeýär. Olaryň biri golaýda welaýat «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň mejlisler eýwanynda guraldy.
Müdirligiň hem-de onuň tabynlygyndaky edaralaryň işgärleriniň uly toparynyň gatnaşmagynda geçirilen bu wagyz-nesihat maslahatynda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda şu ýylyň 15-nji iýulynda geçilen mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň Karar edilmeginiň ata Watanymyzyň, halkymyzyň geljeginiň has-da rowaçlanmagynda, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokary göterilmeginde möhüm ähmiýetli waka bolandygyny guwanç bilen bellediler. Çünki Halk Maslahatynyň mejlisinde möhüm ähmiýetli kararlaryň, çözgütleriň kabul edilmeginiň täze üstünlikleriň gazanylmagyna, belent sepgitlere ýetilmegine gönükdirilen giň gerimli işlere badalga berjekdigi uly buýsanç döredýär.