Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, Daşoguz şäher häkimliginiň, TDP-niň şäher komitetiniň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty: döwletli ýörelgelere badalga» atly şygar bilen dabaraly maslahat geçirildi. Şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata jemgyýetçilik guramalaryň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Onuň dowamynda guralan çykyşlarda umumymilli forumyň taryhy ähmiýeti, şu şanly ýylymyzda ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin görülýän taýýarlyklar, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýlan wezipeler, ony amal etmek boýunça ýerine ýetirilmeli işler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Döwletimiziň ýokary wekilçilikli edarasynyň halk demokratiýasyny dabaralandyrmakdaky ähmiýeti dogrusynda uly buýsanç bilen bellenildi.