TDP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — halkyň köňül buýsanjy» ady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işlerine badalga berilmegi mynasybetli, dabaraly maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gazanylýan beýik ösüşleri wagyz etmek, umumymilli forumyň mejlisinde kabul edilýän taryhy çözgütleriň ähmiýetini düşündirmek maksadynda geçirilen maslahata welaýat, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar.
Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda çykyş edenler demokratik ýörelgeleri ösdürmekde, türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmekde, berkararlygymyzyň binýadyny berkitmekde, Watanymyzyň ýagty geljegine dahylly beýik işleri ara alyp maslahatlaşmak babatda bu taryhy forumyň gymmatynyň ýokarydygyny nygtadylar. Şeýle hem bu möhüm ähmiýete eýe bolan çärä welaýatda ýokary derejede taýýarlyk görülýändigi barada aýdyldy.
Çykyşlarda halkyň ykbalyna dahylly beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözleri beýan edildi.