Döwletiň mizemez hukuk binýady
weather dashoguz 24° C Daşoguz

Döwletiň mizemez hukuk binýady

Jemgyýet
11.09.2025  149

Türkmen halkynyň milli demokratiýasy her bir raýatyň ýaşaýyş maksady, Watanynyň ykbaly bilen bir bitewülik, halkyna bolan bimöçber söýgi, özünden ula hormat, kiçä sylag ýaly gatnaşykdyr sypatlaryň ulgamynda ýüze çykýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Konstitusiýasy milli kanunçylyk ulgamynyň gözbaşy, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragynyň kepili bolup, şol bir wagtda ýurdumyzda, halkara giňişliginde ýüze çykýan özgerişlikler nazara alnyp, halk bilen maslahatlaşylyp döredijilikli kämilleşdirilýän resminamadyr. Ol mizemez türkmen döwletiniň binýadyny berkidýän Esasy Kanunydyr. Onda döwlet gurluşynyň we dolandyryşynyň ulgamlary, raýatlaryň hukuk kepillikleri, häkimiýetiň şahalary we olaryň wezipeleri beýan edilýär.

Ýurdumyzyň Esasy Kanunyna laýyklykda, ata Watanymyzda şahsyýetiň erkin ösmegi üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Onda raýatlaryň halkara hukugynyň kadalaryna laýyk gelýän durmuş we hukuk goraglylygy kepillendirilýär. Kämilleşdirilen demokratik ýörelgelere esaslanýan hem-de degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesini öz içine alýan Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň we jemgyýetimiziň mundan beýläk-de üstünlikli ösmeginiň, türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň ygtybarly esasy bolup durýar. Jemgyýetimizdäki dürli gatnaşyklary düzgünleşdirýän täze kanunlaryň kabul edilmegi ykdysadyýeti, ylmy we medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmek, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hem-de häzirki zaman kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ýaly wezipelerden ybarat bolan maksatlara ýetmegiň ýolunda alnyp barylýan işleriň hukuk binýadyny berkidýär.

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Täsirli geçen maslahat
16.02.2023   351
Jemgyýet Ýokary guramaçylyk derejesinde
11.03.2026   51
Jemgyýet Sagdyn bedende — sagdyn ruh
03.04.2026   50
Jemgyýet Yhlasly zähmet üstünligiň kepilidir
09.04.2024   382
Jemgyýet Okuw maslahaty geçirildi
30.12.2025   142
Jemgyýet Ajaýyp döwrümiziň şirin owazy
31.07.2025   164
image