Döwlet baýdagyndan tanalýar
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Döwlet baýdagyndan tanalýar

Jemgyýet
12.05.2026  86

Türkmenistanyň Konstitusiýasy halkymyzyň milli ýörelgelerine salgylanýan esasy ugurlary özünde jemleýär. Baş Kanunymyz döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeler, durmuşyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşi nazara alnyp, baýlaşdyrylýar we kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda adam hukuklary baradaky ählumumy Jarnama, raýatlyk we syýasy hukuklary, ykdysady, durmuş hem-de medeni hukuklar baradaky halkara resminamalaryň esasy ýörelgeleriniň ählisi Türkmenistanyň Konstitusiýasynda giň beýanyny tapýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwlet nyşanlary bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy we ýaşyl Tugumyz ata Watanymyzyň garaşsyzlyk hem-de bitaraplyk ýörelgeleriniň, agzybir halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik gatnaşyklarynyň beýany bolup durýar.

Baş Kanunymyzda tassyklanan her bir bölüm döwletimiziň we raýatlarymyzyň bähbitlerini nazarlasa, gözümiziň guwanjy bolan ýaşyl Baýdagymyzyň pasyrdysy Watanymyzda gazanylýan ösüşleriň buşlukçysydyr. Türkmen ýaşlarynyň ylymda, bilimde, medeniýetde, sungatda, sportda halkara derejelerde geçirilýän bäsleşiklerde, ýaryşlarda üstünlikler gazanyp, ýaşyl Tugumyzy belende galdyrýan pursatlaryny synlamak her birimize egsilmez guwanç-buýsanç duýgularyny eçilýär. Reňkine türkmen sährasynyň bahar paslyndaky keşbi siňen, ýaşlygyň we ýaşaýşyň reňki çaýylan ýaşyl Tugumyzda milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşylarynyň biri bolan türkmen halysynyň owadan gölleri, ýarym Aý we bäş sany ýyldyzyň şekilleri ýerleşdirilen. Her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk dabaralary, wagyz-nesihat çäreleri ýokary derejede geçirilýär. Bu goşa baýramçylygyň şeýle giň gerimli, ýokary derejede bellenilmegi bolsa türkmen halkynyň asyrlar boýy dowam edip gelýän agzybirligini, bitewüligini aňladýar.

 

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ätiýaçlandyryşyň täze görnüşi
07.08.2024   381
Jemgyýet Hünärim bar — hormatym bar
03.08.2024   479
Jemgyýet Hemişelik Bitaraplygyň buýsanjy
04.12.2024   387
Jemgyýet Bagtyýar ýaşaýşyň kepili
25.07.2024   415
Jemgyýet Bäsleşigiň döwlet tapgyry
27.04.2026   96
image