Dostlukly ýörelgeler rowaçlanýar
weather dashoguz 4° C Daşoguz

Dostlukly ýörelgeler rowaçlanýar

Jemgyýet
10.11.2025  40

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly taryhy tutumlary bilen täze döwrümize şan berýär. Ýylyň şygarynda halkymyzyň hem dünýä jemgyýetçiliginiň şu güni hem bagtly geljegi üçin belent tutumlaryň baý mazmuny jemlenýär. Çünki adamzat ýaşaýşy üçin ähli babatda oňa bolan berk ynam abadan durmuşy üpjün edip, parahatçylygy pugtalandyrýar. Bu bolsa, bir-birinden aýrylmaz häsiýete eýe bolan gymmatly düşünjeleriň häzirki zamanyň berk ýörelgesine öwrülendigini açyk-aýdyň görkezýär. Hemişe dünýäde parahatçylygyň nuruny ýaýýan beýik başlangyçlary bilen çykyş edip gelýän döwletimiziň ähli babatdaky tagallalary halklaryň arasynda gatnaşyklaryň pugtalanmagyna, ynamyň berkemegine, parahatçylygyň rowaçlanmagyna uly esas döredýär.

Ýurdumyzda bu ugurda amala aşyrylýan taýsyz tagallalar, beýik işler sebit hem yklym ýurtlarynyň, halklarynyň bir maksatda jemlenmegine uly mümkinçilikleri berýär. Munuň aýdyň mysallary halkara hem milli derejede ajaýyp mazmunly şygar bilen dabaralanýan şu ýylymyzda tutulýan belent maksatlaryň we onuň amala aşmagy üçin edilýän tagallalaryň hakykatynda hem doly açylyp görkezilýär.

Bu günki gün sebit hem yklym ýurtlary Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň mümkinçiliklerine uly ynam bilen garaýar. Ýurdumyzyň dünýäde iň iri halkara gurama bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen jebis hyzmatdaşlygy halklaryň abadan durmuşyny berkitmekde, dürli ugurly meseleleriň çözgüdini tapmakda, olary durmuşa geçirmäge tagallalary birleşdirmekde günüň derwaýys wezipelerini amala aşyrmaga uly esas döredýär. Şonuň üçin ýurdumyzyň Bitarap döwlet hökmünde öňe sürýän başlangyçlary, teklipleri giň goldawa eýe bolýar. Ony häzirki wagtda Milletler Bileleşigi tarapyndan döwletimiziň başlangyjy boýunça kabul edilen birnäçe Kararnamalaryň mysaly hem doly tassyklaýar.

Bu hakykat hormatly Prezidentimiziň  BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisinde öňe süren başlangyçlarynyň, taryhy teklipleriniň giň goldawa eýe boljakdygyna ynamy berkidýär. Çünki olaryň ählisiniň düýp özeninde adam hakdaky alada, halklaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, abadan ýaşaýşy berkitmek, gülläp ösüşleri rowaçlandyrmak ýaly belent maksatlar öz beýanyny tapýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet «Magtymguly diýip adym tutsalar...»
25.12.2024   247
Jemgyýet Bäsleşigiň şäher tapgyr
12.02.2023   315
Jemgyýet «Magtymguly diýip adym tutsalar...»
06.01.2025   211
Jemgyýet Mekdep bazarlary ilatyň hyzmatynda
12.08.2024   301
Jemgyýet Täsirli gezelenç
06.05.2024   523
Jemgyýet Dost-doganlygyň aýdyň nyşany
13.09.2025   64
image