Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, şu ýylyň 15-16-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat geçirildi. Halkara giňişlikde syýasy-ykdysady ähmiýetli bu maslahaty geçirmek babatynda ýurdumyzyň başlangyjynyň uly goldawa eýe bolmagynyň düýp mazmunyny ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, bu ugurda dünýä döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmek babatda döwletimiziň ägirt uly mümkinçiligine we baý tejribesine uly ähmiýet berilýändiginde görmek bolar. Garaşsyz Türkmenistanyň başlangyjy esasynda gözel paýtagtymyzda 2016-njy ýylda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň dostluk, parahatçylyk we ählumumy abadançylyk ýörelgelerinden ugur alyp, dünýäde köpugurly ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny döretmek ugrundaky başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň ösüşiniň täze taryhy döwründe baý mazmuna, giň gerime eýe bolýan bu başlangyçlar dünýäde syýasy we ykdysady durnuklylygy gazanmakda ulag-logistika ulgamynyň ähmiýetini aýdyň şöhlelendirýär.
Ýurdumyzyň umumadamzat ähmiýetli köpugurly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça başlangyçlarynyň, öňe sürýän teklipleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolandygyny aýratyn nygtamak zerurdyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2014-nji ýyldaky 69-njy mejlisinde «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2015-nji ýyldaky 70-nji mejlisinde «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», 2017-nji ýyldaky 72-nji mejlisiniň 74-nji maslahatynda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», 2021-nji ýyldaky 75-nji mejlisiniň 96-njy plenar maslahatynda «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän garaýyşlaryň umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýändigini tassyklaýar. Bu ugurdaky başlangyçlar, öňdengörüjilikli garaýyşlar häzirki wagtda hem ähmiýetliligi bilen bütin dünýäde gyzyklanma döredýär. Belent ynsanperwer maksatlary nazarlaýan bu başlangyçlar halkara hyzmatdaşlygy berkarar etmekde esasy ýörelge bolup hyzmat edýär.
Arkadagly Serdarymyzyň 21-nji iýulda Gyrgyz Respublikasynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda: «Ulag we logistika Ýewraziýanyň täze geoykdysady giňişligini döretmegiň esasydyr» diýip nygtap geçmegi hem ýurdumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäde parahatçylygy, döwletleriň, halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary, ählumumy ösüşi berkarar etmekde bu asylly ýörelgeden ugur alýandygyny tassyklaýar. Ýurdumyzyň ösüş arkaly parahatçylyk ýörelgesinden gözbaş alýan ulag-logistika syýasatynyň netijesinde, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe, Demirgazyk — Günorta, Hazar deňzi — Gara deňiz, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe, Hytaý — Täjigistan — Özbegistan —Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ýaly halkara ulag geçelgeleriniň taslamalary işjeň durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz dünýäniň dostlukdan, hoşniýetlilikden ugur alýan ýollarynyň çatrygyna, parahatçylygyň, abadançylygyň mesgenine öwrülýär.