Ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady durmuşynda bolup geçýän möhüm ähmiýetli wakalar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny, berkarar döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny has-da dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda gurlan söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmaklary iki ýurduň arasynda ýola goýulýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň barha pugtalanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Söwda merkeziniň umumy tutýan meýdany 3 gektara barabar bolup, onuň çäginde söwda dükanlarynyň 37-si, naharhanalaryň 2-si, ammarlaryň 15-si guruldy. Bu dabara Daşoguz welaýatynyň hem-de doganlyk döwletiň Horezm welaýatynyň ilaty, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, şeýle hem ýurdumyzda kowçum bolup ýaşaýan özbek halkynyň wekilleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Bu taryhy ähmiýetli waka iki halkyň wekillerinde egsilmez buýsanç duýgusyny döretdi.
Henip ZAHYROW,
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy:
— Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dost-doganlyk serhedinde söwda merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi iki halkyň goňşuçylyk däpleriniň täze tapgyra gadam basýandygyny alamatlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady dolanyşygy ösdürmek, eksport mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak babatda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrülen serhetýaka söwda merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi şanly ýylyň buýsançly wakasyna öwrüldi.
Gadymy oguz pähiminde «Keçäňi satsaň, goňşyňa sat...» diýilýär. Goňşuçylyga aýratyn gadyr goýýan türkmen halkynyň «Goňşy goňşynyň bazary» diýen parasatly atalar sözüniň hikmetinde hem hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, ýürekdeşlik ýaly asylly häsiýetler şöhlelenýär.
Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen, iki halkyň arasyndaky gadyrdanlygyň, hoşniýetliligiň has hem berkemegine, däp bolan goňşuçylyk gatnaşyklarynyň gadymy ýodasynyň dost-doganlyk ýollaryna öwrülmegine ägirt uly mümkinçilikler döredi.
***
Aýgül ROZMETOWA,
Şabat etrabynyň ýaşaýjysy:
— Gadymy özbek halkynda aýtga öwrülen: «Türkmen bilen özbegiň bazary-da bir, mazary-da» diýen pähim bar. Munuň şeýledigine taryhyň dürli döwürlerine nazar salanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlygy gün-günden berkemek bilen, iki ýurduň halklary bagtyýarlygyň, asudalygyň goýnunda ýaşaýarlar.
Bazaryň bolçulygy, nyrhlaryň elýeterliligi halkyň bagtyýar durmuşynyň kepili. Türkmenistan bilen doganlyk Özbegistanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň dowamly ýola goýulmagynyň netijesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezi açylyp ulanmaga berildi. Bu möhüm waka iki halkyň durmuşynda hem uly ähmiýete eýedir. Bu taryhy ähmiýetli waka şaýat bolup, halklaryň arasyndaky gadymy gatnaşyklaryň pugtalanýandygyna tüýs ýürekden buýsanýarys.