Her bir güni aýdym-sazly ata Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işler rowaçlyga beslenýär. Şunda halkara derejede ýola goýulýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklara möhüm orun degişlidir.
Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen, medeni diplomatiýanyň ösdürilmegine hem aýratyn üns berýär. Şunda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ýola goýulýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklar milli medeniýetimiziň ösdürilmegine oňyn täsir edýär. Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň akapella toparlarynyň konsertiniň geçirilmegi hem munuň aýdyň nyşanydyr. Konsertiň dowamynda iki ýurduň belli kompozitorlarynyň sazlaryna döredilen nusgawy eserleriň joşgunly äheňde ýaňlanmagy dabaranyň şowhunyny artdyrdy.
Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň Weli Muhadowyň, Nury Halmämmedowyň sazlaryna, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlardan ýerine ýetiren akapella çykyşlary has-da täsirli boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýunyň dabaralary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getiren şowhunly çykyşlar beýik söz ussadynyň nusgawy eserleriniň ähmiýetiniň uludygyny ýene-de bir gezek görkezdi.
Ýaşlaryň kalbyny joşdurýan häzirki zaman aýdymlarynyň ýaňlanmagy konserte aýratyn öwüşgin çaýdy. «Neil Diamond», «Disney» ýaly belli akapella aýdymlarynyň joşgunly ýaňlanmagy iki halkyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze derejä çykýandygynyň nyşanyna öwrüldi. Dost-doganlyk konsertiniň dowamynda çykyş eden sungat ussatlary, belli aýdym-saz toparlarynyň höwesjeňleri halklaryň arasynda parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmekde medeni hyzmatdaşlygyň aýratyn uly ornunyň bardygyny belläp, şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredýän Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk sözlerini beýan etdiler.