Dost-doganlygyň we parahatçylygyň waspçysy
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Dost-doganlygyň we parahatçylygyň waspçysy

Jemgyýet
01.04.2025  377

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitarap Türkmenistanyň medeni diplomatiýasy has-da rowaçlanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda Şükür bagşynyň keşbiniň üsti bilen sazyň gudratynyň neneňsi beýikdigini ýene-de bir gezek açyp görkezýär. Şükür bagşynyň kyn meseleleri sazyň kömegi bilen ýeňip geçmeginde bolsa halkymyzyň parahatçylyga bolan beýik garaýşy jemlenendir. Sazyň gudraty bilen parahatçylygy, ynanyşmagy wagyz etmek, Şükür bagşynyň keşbiniň mysalynda ýaş nesillerde parahatçylyk medeniýetini kemala getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň, Daşoguz şäheriniň bagşylar muzeýiniň we Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda «Şükür bagşy — dost-doganlygyň we parahatçylygyň waspçysy» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde geçirilen dabaraly maslahata mekdebiň mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler parahatçylygyň we dost-doganlygyň waspçysy hökmünde Şükür bagşynyň keşbiniň Milli Liderimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde täsirli suratlandyrylýandygyny bellediler. Şükür bagşy özüniň dutarynda ýerine ýetirýän ajaýyp sazlary bilen parahatçylygy, ynanyşmagy döredip bilen şahsyýetdir. Bu barada çykyşlarda aýratyn durlup geçildi.

Soňra bu ýerde Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň bagşylar we sazandalar topary tarapyndan halk sazlary we aýdymlary ýerine ýetirildi. Şanly ýylymyzyň waspyny ýetirýän ajaýyp aýdym dabaraly maslahatyň jemlenmesine öwrüldi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Göwün açyjy pursatlar
24.07.2026   79
Jemgyýet Ýagşylyk ýörelgesi
04.06.2026   114
Jemgyýet Milli demokratiýanyň kämillik  ýoly
18.09.2025   205
Jemgyýet Hemişelik Bitaraplygyň buýsanjy
04.12.2024   387
Jemgyýet Abadançylygyň kepili
20.09.2025   225
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
23.01.2025   353
Jemgyýet Ýaşlaryň döredijilik gözlegleri
28.10.2024   355
Jemgyýet Ukyp-başarnygyň bäsleşigi
08.05.2026   113
image