Dost-doganlygyň binýady
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Dost-doganlygyň binýady

Jemgyýet
09.01.2026  102

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda Daşoguz welaýatynyň çäginde gurlan Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň ulanmaga berilmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ahyrynda iki goňşy halkyň durmuşynda bolup geçen, baky dost-doganlygyň nyşanyna öwrülen ajaýyp waka boldy. Şu mynasybetli guralan dabaranyň hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparyna gabat gelmegi, onuň dowamynda iki ýurduň Baştutanlarynyň täze söwda merkeziniň açylmagyna ak pata bermekleri aýratyn ýakymly pursatlara beslenip, özara gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylýandygyny alamatlandyrdy.

Söwda merkeziniň açylmagy goňşy iki sebitiň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder. Onuň türkmen bölegindäki söwda toplumynda gümrük gullugy üçin dolandyryş, karantin, weterinariýa binalary, naharhana, lukmançylyk merkezi, dellekhana, söwda nokatlary, mebel we hojalyk harytlarynyň söwdasy üçin dükanlar, ammar binasy bar. Mundan başga-da, söwda zolagynda harytlary kabul etmek we saklamak, interaktiw ulgamlar, fitosanitar, weterinariýa, bank, maliýe, lukmançylyk, myhmanhana, awtoduralga hyzmatlary ýola goýlandyr.

Bu söwda merkeziniň işe girizilmegi bilen, iki ýurduň arasyndaky telekeçilik işiniň has-da döwrebap derejede ösdürilmegine amatly şertler döredildi. Söwda merkeziniň üsti bilen iki döwletiň hususy önüm öndürijileriniň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Ýeri gelende bellesek, söwda merkezinde ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilen önümleriň dükanlarynyň hem ýerleşdirilendigini buýsanç bilen bellemek möhümdir. Bu hususy telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça döredilýän amatly şertleriň biridir. Söwda merkeziniň türkmen bölegindäki iki gatly desganyň gurluşygynyň hususy kärhanalarymyz tarapyndan ýerine ýetirilendigini-de aýratyn bellemelidiris.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen täze söwda merkeziniň açylmagy doganlyk halklaryň özara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm tapgyry alamatlandyrdy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Il saglygy – ýurt baýlygy
06.07.2024   411
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
30.11.2024   368
Jemgyýet Abadan durmuşyň kepili
10.12.2025   116
Jemgyýet «Edepli ile ýarar»
06.05.2025   264
Jemgyýet Watanymyzyň durmuşynda taryhy waka
18.07.2025   231
Jemgyýet Döwrüň rowaçlygy
26.07.2025   188
Jemgyýet Kanunlaryň talaplary düşündirildi
07.05.2026   56
image