Dost-doganlygyň aýdyň nyşany
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Dost-doganlygyň aýdyň nyşany

Jemgyýet
19.11.2025  140

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günleri Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň, halkymyzyň taryhynda hemişelik yz galdyrýan wakalara, toý-baýramlara ulaşýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan döwletimiziň hem-de goňşy Özbegistan Respublikasynyň araçäginde gurlan täze döwrebap söwda merkeziniň geçen duşenbe güni uly dabaralar bilen açylyp, ulanmaga berilmegi-de şeýle möhüm wakalaryň biri boldy.

Şu mynasybetli Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler eýwanynda bolan hoşallyk maslahatynda hem bu barada uly guwanç-buýsanç bilen gürrüň edildi. Maslahata welaýatyň döwlet hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalarynyň işgärleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, ýaşlar gatnaşyp, dabaranyň şatlyk-şowhunyny artdyrdylar.

Hoşallyk maslahatynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz aladalarynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe doganlyk ýurtlarymyzyň, halklarymyzyň dürli ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlyklarynyň, dostlukly gatnaşyklarynyň barha pajarlap ösýändigini, serhet ýakasynda açylan döwrebap söwda merkeziniň munuň ýene-de bir anyk subutnamasy bolandygyny guwanç bilen nygtap, Garaşsyz ýurdumyzda bolup geçýän şeýle wakalara ýürek buýsançlaryny paýlaşdylar. Çykyşlaryň dowamynda ata Watanymyzyň ähli ugurlarda gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlarynyň dik, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaç bolmagy arzuw edildi.

Hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary iki doganlyk halkyň durmuşyndaky ajaýyp waka bagyşlanan bu dabara aýratyn röwüş çaýdy.

 

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet «Bilimli nesil — kuwwatly Watan»
25.08.2025   183
Jemgyýet Bäsleşigiň welaýat tapgyry
11.05.2024   444
Jemgyýet Bäsleşik geçirildi
18.03.2024   540
Jemgyýet Goşa mukaddeslige sarpanyň beýany
18.05.2026   62
Jemgyýet Milli gymmatlyklarymyza sarpa
30.06.2026   58
Jemgyýet Ak ýollaryň asudalygy ugrunda
19.09.2025   158
Jemgyýet Ýokary guramaçylyk derejesinde
11.03.2026   93
image