Dost-doganlygyň aýdyň nyşany
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Dost-doganlygyň aýdyň nyşany

Jemgyýet
13.09.2025  169

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty we forumuň jemleri boýunça kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň parahatçylyk söýüjilik taglymatynyň bütin dünýäde dabaralanmasyny alamatlandyrdy. Maslahatyň çäklerinde guralan ugurdaş çärelerdir forumlar hem dünýä döwletleriniň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we täze ugurlary ýola goýmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Bu maslahata dünýäniň 104 döwletinden, şolar bilen bir hatarda, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 32-sinden, halkara guramalaryň 46-syndan iki müňden gowrak wekilleriň gatnaşandygyny aýratyn nygtamak gerek. Awaza forumynyň geçişini 35 döwletiň habar beriş serişdeleriniň bütin dünýä ýaýmagy onuň taryhy-syýasy ähmiýetiniň örän uludygyndan habar berýär.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahaty her on ýyldan bir gezek geçirilýär. Her gezekki maslahatda kabul edilýän resminamalar şol döwletleriň we olar bilen bir sebitde ýerleşýän ýurtlaryň arasyndaky ykdysady-syýasy hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlaryny kesgitleýär. Awaza forumynyň jemleri boýunça kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasy 2024 — 2034-nji ýyllar üçin täze strategik gün tertibini kesgitlemek bilen, hoşniýetli hyzmatdaşlyga giň gözýetimleri açýar.

Awaza forumy türkmen Bitaraplygyna mahsus bolan hoşniýetliligiň, dost-doganlyga ygrarlylygyň we parahatçylygyň bütin dünýäde uly goldawa eýediginiň aýdyň güwäsidir. Bu maslahat sebitleriň hem-de dünýä halklarynyň sazlaşykly hyzmatdaşlygyny, döwrüň öňe sürýän meseleleri babatda raýdaşlygyny has-da berkitdi.

Parlament, hususy pudak, raýat jemgyýeti, ýaşlar syýasaty ugurlary boýunça geçirilen forumlar, dürli medeni çäreler we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleri, onuň çäklerinde guralan medeniýet, sungat ussatlarynyň dabaraly konserti taryhy-syýasy ähmiýetli halkara maslahatyň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dost-doganlyk halklaryň arasynda medeni diplomatiýanyň barha dabaralanýandygyny alamatlandyran bu çärelerde däp bolan goňşuçylyk gatnaşyklaryň täze ugry öz beýanyny tapdy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bedew batly Türkmenistan
20.01.2026   135
Jemgyýet Bäsleşigiň şäher tapgyr
12.02.2023   436
Jemgyýet Täze ýylyň şatlykly dabaralary
07.01.2025   330
Jemgyýet Umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar
11.08.2025   185
image