Döredijilikli işler
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Döredijilikli işler

Jemgyýet
14.05.2026  144

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşlere beslenýän ýurdumyzda  döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri ýaşlara döwrebap bilim bermekdir. Bu ugurda daşary ýurt dillerini okatmak döwlet derejesinde üns merkezinde saklanylýar. Daşary ýurt dillerini öwretmekde häzirki zaman pedagogik usullaryň, sanly tehnologiýalaryň we interaktiw okuw gurallarynyň peýdalanylmagy bilim bermegiň netijeliligini ýokarlandyrýar.

Okuwçylara çuňňur hem-de hemmetaraplaýyn, sazlaşykly bilim we terbiýe bermekde sapakdan daşary geçirilýän okuw- terbiýeçilik çäreleriniň ähmiýeti uludyr. Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebi ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepler torunyň agzasydyr. Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň torunyň çäginde ÝUNESKO-nyň ýörelgelerini, parahatçylygy, medeni dürlüligi, durnukly ösüşi we ynsanperwerligi wagyz edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirilýän medeni çärelere, ylmy-amaly maslahatlara, bäsleşiklere işjeň gatnaşýar. Milli mirasymyzy, taryhy we tebigy ýadygärliklerimizi ylmy esasda öwrenmäge, gorap saklamaga, ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşýar.

Türkmenistanyň umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny talaba laýyk durmuşa geçirmek üçin mekdepde dürli çäreler geçirilýär. Okuwçylaryň sözleýiş endiklerini ösdürmek maksady bilen, ýörite «Speaking, Writing, Reading» klublary, gurnaklary hereket edýär. Bu gurnaklarda belli bir temada maglumat berilýär we dürli sorag-jogap, pikir alyşmalar guralýar. Bu geçirilýän işler okuwçylaryň sapakda alan bilimini çuňlaşdyrmakda, dil baýlygyny ösdürmekde, dünýägaraýşyny giňeltmekde, olarda ylma höwes döretmekde we hünäre ugrukdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Saýlaw işiniň hukuk esasy
26.02.2026   121
Jemgyýet Bol harytly mekdep bazarlary
14.08.2024   561
Jemgyýet Gurmak, döretmek ýoly bilen
02.11.2024   405
Jemgyýet Nesil terbiýesiniň ajaýyp hazynasy
22.08.2025   242
Jemgyýet Alabaýlara bagyşlanan sergi
25.10.2025   176
Jemgyýet Täzelenişiň we joşgunyň pasly
29.03.2024   411
Jemgyýet Wagyz-nesihat maslahaty
13.07.2024   484
image