Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň sergiler zalynda «Garaşsyzlyk — halkymyzyň ak bagty» diýen at bilen baýramçylyk sergisi boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guran bu sergisi ýurdumyzyň gazanan belent sepgitlerini we baý taryhy-medeni mirasyny dabaralandyrmaga bagyşlandy.
Serginiň açylyş dabarasynyň dowamynda zehinli kagyz ussasy, erkin suratkeş Gaýrat Matkarimow bilen döredijilik söhbetdeşligi guraldy. Söhbetdeşligiň dowamynda suratkeşiň çeken suratlary hem-de tutdan ýüpek kagyz alnyşy we ondan gol zähmeti bilen ýasan sungat eserleri barada gyzykly gürrüň edilip, sungaty söýüjileriň sowallaryna jogap berildi.
Sergä Daşoguz şäherindäki orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet işgärleri hem-de muzeý tomaşaçylary uly gyzyklanma bilen syn etdiler. Sergi sebitiň iň zehinli sungat ussatlarynyň, heýkeltaraşlarynyň we zergärleriniň täze döredijilik işlerini bir ýere jemlän medeni çärä öwrüldi. Sergide goýlan gymmatlyklar, suratlar we şaý-sepler, taryhy eksponatlar ýygnananlarda uly täsir galdyrdy.