Döredijilik duşuşygy geçirildi
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Döredijilik duşuşygy geçirildi

Medeniýet
22.11.2024  490

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda medeniýeti, sungaty, edebiýaty ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Daşoguz şäheriniň «Bagtyýar zaman» medeniýet merkezinde geçirilen döredijilik duşuşygy halypa şahyr Mämmetnazar Babanazarowyň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlandy. Duşuşyga döredijilik, bilim işgärleri, şahyryň maşgala agzalary gatnaşdylar.

 

Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler Mämmetnazar Babanazarowyň döwrümizi, durmuşy, gözel tebigaty wasp edýän ajaýyp goşgulary barada täsirli gürrüň etdiler. Şahyryň döredijiliginiň esasy aýratynlyklary, täzeçe garaýyşlary hakynda aýratyn durlup geçildi.

Mämmetnazar Babanazarowyň maşgala agzalarynyň çykyşlarynda şahyryň durmuşyna degişli täsirli wakalar beýan edildi.

Duşuşygyň dowamynda medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şowhunyny artdyrdy.

Halypa şahyryň döredijilik mirasyna bagyşlanan bu dabara şanly ýylymyzyň baý mazmunly çäreleri bilen utgaşyp, ajaýyp sazlaşygy emele getirdi.

Meňzeş habarlar

Medeniýet «Ýaňlan, Diýarym! — 2025»
03.06.2025   571
Medeniýet Dürli daňylar
10.10.2023   556
Medeniýet Ýaş halyçylaryň bäsleşigi
04.05.2024   565
Medeniýet Täze taryhy döwrüň medeni galkynyşy
30.06.2025   279
Medeniýet Döwrüň bagtyýar gül-gunçalary
17.03.2026   110
Medeniýet Milli medeniýetiň galkynyşy
05.06.2025   344
Medeniýet Edebiýatyň parlak ýyldyzy
13.05.2024   555
image