Döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

Jemgyýet
25.06.2024  522

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesi bilen bilelikde yglan eden «Beýik Pyragynyň arzuw eden ajap eýýamy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bäsleşigiň jemlerine bagyşlanyp TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesinde maslahat geçirildi.

Maslahatda TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy Aşyrdurdy Allaýew, «Daşoguz habarlary» gazetiniň baş redaktory Aýbölek Nurtaýewa dagy çykyş edip, berkarar döwletimizde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli bäsleşikleriň, çäreleriň giň gerimde geçirilýändigini nygtadylar. Hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen akyldaryň döredijilik mirasyny öwrenmäge aýratyn uly üns berilýändigi hakynda çykyşlarda buýsanç bilen bellenildi.

Bu bäsleşik hem Magtymguly Pyragynyň arzuw eden ajap eýýamynyň ösüşlerini giňden ýaýmakda uly ähmiýete eýe boldy. Bular dogrusynda bellemek bilen, çykyş edenler bäsleşigiň netijesine laýyklykda, ýeňijileriň kesgitlenendigini aýtdylar. Netijede, ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz şäher geňeşiniň hünärmeni Aýgül Hojakowa birinji, Daşoguz şäheriniň prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Bibigül Ýagşymädowa ikinji, TMÝG-niň Görogly etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Altyn Atakowa üçünji orunlara mynasyp boldular. TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy Jumagül Hojaýewa, Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň laborant lukmany Nury Amanow, «Daşoguz habarlary» gazetiniň uly habarçysy Gözel Seýidowa dagy höweslendiriji baýraklar bilen sylaglandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly gowşuryldy. 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Muny bilmek gyzykly
10.02.2025   374
Jemgyýet Ösüşlere beslenen taryhy menzil
25.05.2026   119
Jemgyýet «Bagtyýar nesilde» bagtyýar çagalar
25.06.2026   119
Jemgyýet Arşyň ganaty — döwrüň şöhraty
27.04.2026   109
Jemgyýet Baky bagtyň binýady
19.05.2025   320
Jemgyýet Güller — göwünleriň bezegi
18.04.2024   548
Jemgyýet Haýyr-sahawatlylygyň baýramy
06.06.2025   300
Jemgyýet Umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar
11.08.2025   218
image