Halk döredijiligini gözli çeşmä meňzedenler ýalňyşmandyr. Halk paýhasynyň döreden gymmatlyklaryny ýygnap boldum etmek mümkin däl. Muňa dokmaçylyk işi bilen bagly pähimleriň mysalynda hem göz ýetirmek mümkin.
Dokmaçylyk işinde erişdir argajyň inçe bolmagy bu pudakda işiň hiline täsir edýän esasy zat bolmagynda galýar. Her bir inedördül metr ýere näçe köp çitim sygan bolsa, haly şonça-da nepis bolýar. «Inçe — zyba, ýogyn — gaba» diýilmesi, hut dokma ýüplükleriniň inçe-ýogynlygy bilen bagly aýdylýan pähimdir.
Haly ýüplükleriniň inçe-ýogynlygy dogrusynda başga-da juda köp pähimler aýdylýar. «Inçe — ezberiňki, ýogyn-çamanyňky», «Eli ýüwrük inçe işlär» ýaly pähimleriň hemmesi şol bir pikiri gaýtalaýar.
Çuwal ganar-gaýym bolmagy üçin sähel ýogynrak ýüplüklerden dokalypdyr. Şonuň bilen bagly hem «Ýogyndan ganar, inçeden-torba» diýen pähim döräpdir. Mälim bolşy ýaly, inçe ýüplükden haly dokalanda dokma önümi has nepis bolsa-da, ýogyn ýüplükdäkä garanda iş haýal gidýär. «Inçe artar, ýogyn ýortar» diýilmegi şonuň bilen baglydyr.
Haly önümlerindäki belli bir nagyş toplumynyň daşyny jähekleýän, şeýle hem gölleri birleşdirýän gara çyzyga «dogry gara» diýilýär. Dokmaçylykda öwrenje gyzlara ilki bilen şol dogry garany çitdiripdirler. Ony dogry çitip bilmän gyşardaýsa, «Dogry garany ýykan, ejesiniň için ýakan» diýer ekenler. Ýa-da «Dogry garany çekip bilmez halyňa dogry ýoldan nähili ýörärkäň?» diýipdirler. Hünärmentçiligiň her bir pudagynda bolşy ýaly, dokmaçylyk üçin mahsus pähimler, yrymlar, aýdylýan ýörgünli sözler hem döräpdir.