Dili senaly goja
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Dili senaly goja

Jemgyýet
26.08.2024  344

— Çagalyk ýyllarymyzda nämäniň nämedigine-hä anyk göz ýetirip bilmeýärdik welin, şol döwrüň gaty galagoply ýyllar bolandygyna soň-soňlar aň ýetirdik. Onuň yz ýanyndanam uruş diýen bir bela turdy. Men diýen erkek göbekliler Watan goragyna gitdiler. Soň olaryň gideninden gaýdyp geleni az boldy. Obada garry-gurtular, aýallar, çaga-çugalar galdy. Olaram gije-gündize parh goýman depesinden gum sowrup işleýärdiler. Şonda hem halkyň doýa garny doýmaýardy. Öý-öwzar, egin-eşik ýagdaýy hem gaty egbarlydy. Meniň ömrümiň ýigitlik döwri şol heýhatly ýyllara gabat geldi. Ýaşlyk ýelgini bilen sermest bolmaly çagym sähralarda, gyrlarda mal yzynda gezdim. Aňzakly gyşlarda hem uzakly gün süriniň yzynda selpäp, gijelerine dowarlaryň arasyna girip, bagçy goýnuň boýnuna dakan ýüpümizi elimize daňyp, öri meýdanynda gözümiziň awusyny alan wagtymyz köp boldy. Şonda bize sowugam, her hili kynçylyklaram kär etmeýän ýalydy. Bar pikirimiz-küýümiz özümize tabşyrylan işi abraý bilen ýerine ýetirmekdi, Watan öňündäki borjumyzy bitirmekdi. Kynçylyklara seretmezden mallarymyzy gyşdanam başybitin alyp çykardyk, owlak-guzy möwsümini hem göwnejaý geçirerdik. Ylaýym, ol kynçylykly döwrüň geçdigi bolsun. Ony gören biz bolaly, indiki nesiller hem häzirki eşretli zamanamyzyň gadyryny bilip ýaşasynlar!

Bu gürrüňler 1920-nji ýylda doglan, häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň  Köneürgenç etrabynyň Täze güýç geňeşliginiň Täze güýç obasynda ýaşaýan Nury Hojaýewiň gürrüňlerinden. Adatça, bir asyry arka atan adamlar bilen mesawy gürrüňleri edip oturmak aňsat bolmaýar. Hernämede bolsa, göreçler kütelýär, gulak agralýar. Emma 104 ýaşy arka atan Nury aga henek-ýomak edip oturan şoh adam. Ol ömür ýoldaşy Gyzylgül daýza  Hojaýewa bilen 6 ogly, 3 gyzy terbiýeläp ýetişdiripdir. Agtyk, çowluk, ýuwluklarynyň sany barada  bolsa goja hem oýun, hem çyn bilen: «Çopanlar malynyň sanyny sanamaýarlar. Olar ony tükelleýärler. Sürä esewan bolup bir göz aýlanyňda, olaryň sanynyň tükeldigine ýa-da sürä ýaramajagynyň bardygyna derrew göz ýetirip bolýar. Agtyk, çowluk, ýuwluklarymyň sanynyň näçedigini bilmesem hem, olaryň barynyň başynyň tükel, janlarynyň sagdygyny bilýärin» diýýär. Ondan uzak ýaşamagyň syry hakynda soranlarynda, özüniň sähranyň arassa gumuny depeläp, jana tenekar howasyndan dem alandygyny, kömelekdir domalanyndan, çomuçdyr kösüginden binesip bolmandygyny, çal-gatyk, küremez-gymyz ýaly içgileri içip gezendigini, olaryň bedenine güýç-kuwwat berendigini aýdýar.

 Nury aganyň nebereleriniň ählisini bir ýere jemleseň, bir obanyň mähellesi jemlenjek. Olaryň aglabasam Täze güýç geňeşliginiň çägindäki obalarda daýhançylyk bilen meşgullanyp, halal zähmet çekip ýaşaýarlar. Nury aga häzirki wagtda ogly Gölbaýyň öýünde ýaşaýar. Onuň gelni Arazbagt we çagalary gojanyň ýagdaýyna gowy seredýärler. Ähli nebereleri hem onuň halyndan habar alyp durýarlar. Goja töwerekdäki ogullarynyň we agtyklarynyň öýüne eline hasasyny alyp, özi aýlanyp gaýdýar. Nury aga  şeýle eşretli döwrüň bagtyýar gojalarynyň biri.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Baky bagtyň şuglasy
22.09.2025   79
Jemgyýet Ebedi dostlugyň dabaralanmagy
27.02.2025   239
Jemgyýet Akyldaryň döredijiligine bagyşlandy
20.03.2024   394
Jemgyýet Abadançylygyň kepili
20.09.2025   95
Jemgyýet Geňeşli iliň döwletli ýoly
08.08.2024   302
image