Dil öwrenmek döwrüň talaby
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Dil öwrenmek döwrüň talaby

Jemgyýet
23.07.2025  279

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamy ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky özgerişler sanly we innowasion tehnologiýalara, dünýäniň öňdebaryjy tejribesine we halkymyzyň milli ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda daşary ýurt dillerini, şeýle hem tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bagtyýar ýaşlarymyza halkara ülňülerine gabat gelýän bilim-terbiýe berilýär.

Daşary ýurt dillerini kämil öwrenmek, döwrebap sanly tehnologiýalardan baş çykarmak häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biridir. Şol sebäpli hem, ýaşlary ylymly-bilimli, döwrüň talabyna laýyk gelýän hünärmen edip ýetişdirmekde daşary ýurt dillerini öwretmegiň ähmiýeti örän uludyr. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda ýurdumyzyň bilim ulgamynda ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky ähmiýetini aýratyn nygtamak zerur. Konsepsiýa laýyklykda, bilim-terbiýeçilik işiniň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dilini öwretmegiň elýeterliligini, netijeliligini üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Konsepsiýanyň esasy ugurlaryny kesgitleýän möhüm wezipeler hökmünde ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmuny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrylýar, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de netijeli okuw-döredijilik işini ele almagyny üpjün edýän okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalary işlenilip taýýarlanylýar.

Ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda dil taýýarlygy usulyýetleriniň netijeliligini artdyrmak üçin interaktiw we multimedia tehnologiýalaryndan giňden peýdalanylýar. Konsepsiýanyň esasy ugurlaryna laýyklykda, daşary ýurt dillerini öwredýän mugallymlaryň hünäri we ylmy-usulyýet taýýarlyk derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Olaryň özara tejribe alyşmagyny, kämilleşmegini gazanmak maksady bilen, ylmy-usulyýet maslahatlary yzygiderli geçirilýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bilimler dünýäsine ynamly gadam
01.09.2026   61
Jemgyýet Özgerişlere bagyşlanan maslahat
28.04.2026   126
Jemgyýet Dil öwrenmek — gymmatly baýlyk
14.08.2026   122
Jemgyýet «Awaza» dost-doganlygyň mekany
01.08.2025   231
Jemgyýet Süýjüli diabet we onuň öňüni almak
17.06.2025   434
Jemgyýet Bäsleşigiň welaýat tapgyry
11.05.2024   498
Jemgyýet Geljek nesillere nusgalyk miras
03.01.2026   194
Jemgyýet Abadançylygyň kepili
15.09.2025   231
image