Dil bilmek — kämillik
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Dil bilmek — kämillik

Jemgyýet
15.03.2024  373

Dil öwrenmek jemgyýetçilik gatnaşyklaryny gowulandyrmakda we adamlaryň arasyndaky baglanyşygy işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini ýaşlara öwretmek maksady bilen, birnäçe işler amala aşyrylýar. Bu babatda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi aýratyn uly orna eýe boldy. Ýurdumyzda ýaşlaryň dil başarnyklaryny ösdürmek, ukyplaryny kämilleşdirmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär.

Ata Watanymyzyň dürli künjeginde hereket edýän umumy bilim edaralarynda dünýä dilleriniň birnäçesi öwredilýär. Ýaş nesilleriň dil öwrenmäge bolan ýokary islegini kanagatlandyrmakda, olaryň dil başarnyklaryny kämilleşdirmekde bu alnyp barylýan işleriň ähmiýeti örän uludyr.

Daşary ýurt dillerini okatmagyň konsepsiýasyna laýyklykda, umumy bilim edaralarynda dilleri öwretmegiň dürli usulyýet esaslary işlenip düzüldi. Bu babatda sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy has-da amatly şertleri üpjün etdi. Bilim işgärleri daşary ýurt dilleri sapaklarynda dürli tehniki serişdelerden, slaýdlardan hem-de elektron görkezme esbaplaryndan ýerlikli peýdalanyp, okuwçylara döwrebap bilim berýärler. Ylmyň ösmegi bilen dil öwretmegiň has ygtybarly we netijeli usullary işlenip, tejribä ornaşdyryldy. Bu bolsa bilim işgärleri hem-de okuwçylar üçin dürli ýeňillikleri döredýär, dil öwrenmäge sarp edýän wagtyňy tygşytlamaga ýardam edýär. Daşary ýurt dilini öwretmekde kämilleşdiriş okuwlarynyň yzygiderli guralmagy daşary ýurt dillerini okatmakda täze tejribeleri we usulyýet esaslaryny ylmy önümçilige ornaşdyrmaga kömek berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça giň gerimli işler rowaçlanýar. Bu bolsa ýaş nesilleriň dil başarnyklarynyň has-da ösdürilmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Iň gowy gyzlar gurnagy belli boldy
04.02.2023   398
Jemgyýet Şa serpaýyň eýeleri
11.11.2025   89
Jemgyýet Döwrebap wezipelere bagyşlandy
24.11.2025   66
Jemgyýet Jebisligiň aýdyň ýoly
07.09.2024   307
Jemgyýet Ösüşleriň binýady
07.02.2026   37
Jemgyýet Bagtyýarlygyň röwşen ýoly
26.01.2026   40
image