Ýakynda mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Altyn asyryň altyn nesilleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. 11—14-nji mart aralygynda geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň 11–12-nji synplarda okaýan mekdep okuwçylarynyň 1400-e golaýy gatnaşdy. Bäsleşigiň döwlet tapgyry Aşgabatda we welaýatlarda ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinde geçirildi.
Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda mekdep okuwçylary türkmen dili we edebiýaty dersi boýunça güýç synanyşdylar. Oňa jemi ýurdumyz boýunça 89, Daşoguz welaýaty boýunça 14 okuwçy gatnaşyp, welaýatdan 7 okuwçy baýrakly orunlara mynasyp boldy.
Umumy dersler boýunça Daşoguz welaýatyndan 67 okuwçy döwlet bäsleşiginde 1, 2, 3-nji orunlara mynasyp boldular.
Ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylara Diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.