Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde şypahana ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Her bir raýatyň göwnejaý dynç almagy üçin döredilýän mümkinçilikler ata Watanymyzda ynsan saglygynyň yzygiderli berkidilmegine ýardam berýär. Ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramak babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde «Daşoguz» şypahanasynyň agzybir işgärleri hem yhlasly zähmetlerini gaýgyrmaýarlar.
«Daşoguz» şypahanasynyň döwrebap binasy 2014-nji ýylda ulanmaga berildi. 200 orunlyk şypahana 1200 metr çuňlukdan çykýan tebigy mineral bejeriş suwy bilen aýratyn tapawutlanýar. Şypahanada anyklaýyş, bejeriş, suw bilen bejeriş bölümleri hereket edip, olarda raýatlara döwrebap şypahana hyzmatlary hödürlenilýär.
Daşoguz — Akdepe awtomobil ýolunyň ugrunda ýerleşen bu şypahanada işler döwrüň talaplaryna laýyklykda guralýar. Bu ýerde alnyp barylýan işleriň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlarynyň kömegi bilen ýerine ýetirilýändigini bellemek gerek. Bu ýerde 120-den gowrak işgäriň yhlasly zähmeti bilen ilata ýokary derejeli hyzmat ýola goýlandyr. 3 gatly şypahananyň birinji gatynda lukmançylyk otaglary, anyklaýyş bölümi, kliniki-biohimiki barlaghanalar, ýod-bromly, mineral suwly wannalar, bejeriş-bedenterbiýe otaglary ýerleşýär. Ýeri gelende bellesek, artroz, artrit, poliartrit, osteoartroz, osteohondroz, radikulit, deri kesellerini, nerw we endokrin ulgamynyň kesellerini bejermekde şypahanada ähli mümkinçilikler döredilendir.
Şypahananyň giň sahnaly zalynda guralýan medeni-köpçülik çäreler, aýdym-sazly dabaralar bu ýerde bejergi alýanlara ruhy lezzet paýlaýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde beýan edilen ösümliklerden taýýarlanýan dürli görnüşli melhem çaý şypahananyň ikinji gatynda ýerleşýän fitobarda bejergi alýanlara hödürlenilýär. Indi birnäçe ýyllardan bäri ylmy esasda işlenip taýýarlanylýan melhem çaý dertleriň dermanyna öwrüldi. Halk lukmançylygynyň gazanan baý tejribesi esasynda taýýarlanan melhem çaýyň ähmiýeti hakynda birnäçe maglumatlar hem bar. Şypahanada dynç alýanlara 3 wagtyna nahar berilýär. Munuň üçin döwrebap naharhana ilatyň hyzmatynda.
Şypahanada öz işine ökde lukmanlaryň, işçileriň uly topary yhlasly zähmet çekýär. Olaryň tutanýerli zähmeti bilen dynç almaga gelýänlere ýokary derejeli hyzmat edilýär. Şeýle öz işine ökdeleriň hatarynda terapewt lukman Akjagül Bekmyradowa, suwasty oňurga çekiji enjamyň lukmany Bahram Matýakubow, şepagat uýalary Sähra Akyýewa, Aýsenem Jemilowa dagyny bellemek bolar. Şeýle hem dynç alýanlara ýokary derejeli hyzmat etmekde Ýazjemal Haýtyýewa, Leýla Annagulyýewa, Sapargül Mätjanowa ýaly hyzmat ediş işgärleriniň hem mynasyp paýy bar.