Derde derman önümler
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Derde derman önümler

Jemgyýet
23.07.2025  406

Limonda askorbin turşusy, efir ýagy bol. Suwy çaýa ýa-da gaýnan suwa garylyp içilse, wirusly keselleriň öňüni almaga peýdaly. Dümewde gyzgyny gaýtarmaga, adamyň bedeninden zäherli maddalary deri öýjükleri arkaly çykarmaga kömek edýär. Gan basyşy ýokarlananda ony kadalaşdyrmakda ähmiýeti uly.

Garpyz böwregi arassalaýar. Munuň üçin sagat 17:00-dan 21:00-a çenli peşew haltada bioritmleriň başlaýan pursady mylaýym wanna kabul etmeli hem-de garpyzy köpräk iýmeli. Ýyly suw peşew çykaryş ýollaryny giňeldýär, agyryny aýyrýar, şol wagt aýak ýoluna kän gatnadýar hem-de böwrek ýuwulýar. Peşew özi bilen böwrekdäki daşjagazlary hem alyp gidýär. Bu bolsa tygsyz operasiýany ýatladýar.

Soganyň pasyl çalşygynda, howa üýtgände, kellagyra, ysgynsyzlyga uçuranlar, saçy düşýänler, süňňi gowşap, tiz sowuklaýanlar üçin kesellemegiň öňüni almakda peýdasy uludyr. Gijesine basyrganýanlar, ýatyp bilmeýänler onuň ýaşyny iýse peýdaly. Agzyňyzdan ysy gelmez ýaly badyýan ýa-da limon bölejigini çeýnemeli. 

Sarymsagyň düzüminde bakteriýalara täsirli askorbin kislotasy, efir ýagy, witaminleriň B topary köp. Mikroblara, mugthor gurçuklara garşy, şeýle-de gan basyşyny kadalaşdyrmakda, dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda, demgysmada, gakylyk gopmagynda, dümewiň ýokaşmazlygyna peýdaly. Akgan sökelliginiň öňüni almakda, meňziň tebigylygynyň dikelmeginde hem peýdasy örän uludyr.

Badamjan düzüminde B topar hem-de PP witaminleri, askorbin turşusyny kaliý, kalsiý, fosfor, demir, magniý, natriý ýaly mineral maddalary jemleýär. Gan aýlanyşyny, dalagyň, beýniniň hyzmatlaryny sazlaşdyrýar. Ganda gemoglobini köpeldýär, bagryň daşynda ýag emele gelmeginiň garşysyna göreşýär. Süýji keselliler köpräk ulansalar gowy, sebäbi ol ganyň düzümindäki süýjini azaldýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Şanly ýylyň ruhy joşguny
13.08.2025   242
Jemgyýet Bagtyýar ýaşaýşyň kepili
25.07.2024   415
Jemgyýet Anyk wezipelerden ugur alnyp
05.09.2025   252
Jemgyýet Çagany ýaşdan...
04.06.2024   448
Jemgyýet Awazanyň sapaly goýnunda
12.11.2024   392
Jemgyýet Bedewiň zynaty
03.02.2026   165
image