Kanunçylygy kämilleşdirmek döwlet gurluşyny ösdürmegiň esasy ugrudyr. Wagtyň geçmegi bilen, durmuşyň we döwletdäki özgerişleriň täsir etmegi netijesinde, Konstitusiýanyň käbir kadalary könelip, jemgyýetiň ösüşini, onuň öňe tarap okgunly hereket etmegini bökdeýär. Şoňa görä-de, dünýä tejribesinde Konstitusiýa düzedişleri girizmek we onuň esasy kadalaryny özgertmek arkaly konstitusion reformalaryň dürli görnüşleri ulanylýar. Ýurdumyzyň Konstitusiýasy hem birnäçe reformalary başdan geçirdi. Bu reformalar şol döwrüň sosial-ykdysady we syýasy ösüşine degişli möhüm wezipeleriň berjaý edilmegine gönükdirilýär. 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Esasy Kanunymyzyň täze redaksiýasy kabul edildi. Ol ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň kepili boldy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 22-nji maddasynda «Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary — Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy bardyr» diýlip bellenilýär.
2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gol çekip, tassyklamagy bilen, «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu kanuna laýyklykda, her ýylyň 18-nji maýy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni diýlip yglan edildi.
Baýdak döwletiň nyşany, halkyň gadymy däpleriniň, adatlarynyň görkezijisi hasaplanylýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynda türkmen halkynyň mukaddes ýörelgeleri jemlenendir. Ýaşyl Baýdagymyzdaky Aýyň şekili mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, ýurdumyzdaky abadançylygyň, asudalygyň, bäş ýyldyz biziň bäş müň ýyllyk taryhymyzyň bäş eýýamynyň we bäş welaýatymyzyň, arassa, parahat, asuda asmanymyzyň nyşanlarydyr. Haly gölleri halkymyzyň milliligini, ajaýyp sungatyny, ynsanperwer ýörelgelerini, zeýtun ýapraklary bolsa Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygyny, dünýäde parahatçylyk ugrunda çykyş edýän döwletdigini aňladýar.