Daýhan yhlasynyň ajaýyp netijeleri
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Daýhan yhlasynyň ajaýyp netijeleri

Ykdysadyýet
28.07.2025  250

Şu günler gowaçalara ideg etmek işleri Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň B.Taganow adyndaky daýhan birleşiginde güýçli depginde alnyp barylýar. Hojalygyň babadaýhanlary Halklara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 600 gektar meýdanda gowaça ekişini geçirdiler. Ekiş geçirilen meýdanlarda oňat gögeriş gazanyldy. Şu günler barha boý alyp, hasyla duran gowaçalara ideg etmek işleri hojalygyň Parahat Rejepow, Gurbangeldi Hajyýew, Baýramgeldi Jumageldiýew dagynyň ýolbaşçylyk edýän 1,2,3-nji kärendeçiler toparlarynda has-da guramaçylykly alnyp barylýar. Bejergi döwründe ekinleri goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmäge aýratyn üns berilýär. Gowaçalaryň hatarara bejergisinde Merdan Seýitmyradow, Merdan Şiljäýew ýaly mehanizatorlar ýokary işjeňlik görkezýärler. Pagtaçy kärendeçiler şu günler gowaçalara suw tutmak işlerini hem giňden ýaýbaňlandyrýarlar. Bu işler gije-gündiziň dowamynda şerbet usulynda alnyp barylýar. Bu bolsa suwy tygşytly ulanmaga hem-de gowaçalaryň kadaly suwarylmagyna mümkinçilik berýär. Hojalykda köp ýyllaryň dowamynda pagtaçylyk bilen iş salyşýan birnäçe tejribeli kärendeçileriň bolmagy guwandyryjydyr. Olar indi ençeme ýyllardan bäri gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirip, köplere görelde bolýarlar. Baý iş tejribelerini ýaş kärendeçilere-de ýadawsyz öwredýärler. Olardan Sähragözel Bazarowa, Öremät Gazakow, Amangül Durdyýewa, Sapargül Orazowa, Saparbibi Poşşyýewa dagynyň atlaryny guwanç bilen agzap geçmek bolar.

Pagtaçy kärendeçileriň yhlasly hem-de ýadawsyz zähmeti bilen kemsiz idegi ýetirilýän gowaçalar kadaly boý alýarlar. Daýhanlaryň şu günler gowaça meýdanlarynda alyp barýan ýokary öndürijilikli işlerini synlanyňda, olaryň öňlerinde goýan belent wezipeleriniň abraý bilen hötdesinden geljekdiklerine bolan ynamyň artýar.

 

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Bank hyzmatlarynyň gerimi giňeýär
03.04.2024   417
Ykdysadyýet Gowaça bejergisi gyzgalaňly barýar
21.07.2025   393
Ykdysadyýet Daýhan aladalary — berekediň binýady
14.01.2025   352
Ykdysadyýet Baglar — durmuşyň bezegi
15.07.2026   124
Ykdysadyýet Jogapkärli möwsüme taýýarlyk görülýär
19.04.2024   395
Ykdysadyýet Hususy kärhananyň batly gadamlary
13.01.2025   349
Ykdysadyýet Ýuwuş suwy tutulýar
30.01.2025   349
Ykdysadyýet Bereketli hasylyň binýady
15.10.2025   219
image