Daýhan yhlasyndan döreýän bol hasyl
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Daýhan yhlasyndan döreýän bol hasyl

Ykdysadyýet
12.08.2026  74

Güneşli Diýarymyzyň rysgal-bereket eçilýän topragynda ýetişdirilýän gawun-garpyzlar özüniň datly tagamy, süýjüligi, şypa beriji häsiýetleri bilen gadymdan bäri bütin dünýäde meşhurlyk gazanyp gelýär. Gawun-garpyz ilatyň sarp edýän islegli önümleriniň biri hasaplanýar. Bu ekinleri agrotehniki kadalara laýyklykda ösdürip ýetişdirmek ýokary tejribäni, köp zähmeti talap edýär. Bu ugurdaky tejribeleri, ýerli gawun-garpyz görnüşleriniň aýratynlyklary, olaryň ekiliş kadalary barada Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň «Dostluk» daýhan birleşiginiň tejribeli kärendeçisi Muhammet Rahmanow şeýle gürrüň berýär:

—Bu günki günde daýhan yhlasyndan kemala gelýän ter miwelerdir önümler, gawundyr garpyzlar Diýarymyzyň bereketli bazarlarynyň bezegi bolýar.  Bakja ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin toprak güýz aýlarynda 25 — 30 santimetr çuňlukda sürülmeli we her gektara 20 — 30 tonna golaý ýerli dökün berilmeli. Halk arasynda «Ýere yhlas eden — ýerde galmaz» diýlişi ýaly, ýer näçe dökünli we durnukly taýýarlansa, ekiniň kök ulgamy şonça gowy ösýär. Ekiş işlerine aprel aýynyň ilkinji ongünlüginde girişilýär. Adatça, bir gektar meýdana 4-5 kilogram töweregi tohum sarp edilýär. Şonda her gektardan 200 —  250 sentner hasyl alyp bolýar.

Biziň toprak-howa şertlerimize görä, gawunlardan garrygyz, gürbek, garpyzlaryň hem ýazky we gyşky görnüşlerini ekýäris. Aýratynlyklary babatda aýtsak, topragymyz mineral duzlara baý, howasy bolsa gurak we durnukly güneşlidir. Şonuň üçin hem biziň sebitimizde bitýän gawun-garpyzlar datlylygy, uzak saklamaga ýaramlylygy bilen tapawutlanýar.

Gawunyň ösüş döwründe 4-5 gezek kadaly suw bermeli. Gawun-garpyz üçin iň bir jogapkärli döwür — hasyl düwünçeginiň emele gelýän we onuň ulalýan döwrüdir. Bu wagt ekin örän çalt ösýär. Şonda mineral we ýerli dökünleri bermeli. Bu tapgyrda topragyň çyglylygyna üns bermeli, joýasy guramanka, wagtynda kadaly suw berip durmaly. Gawun-garpyz bişip, ýygylmaga 10 — 15 gün galanda suwarmagy doly bes etmeli. Sebäbi ýygymyň öňýany köp suw berilse, gawundaky şekeriň mukdary peselýär, tagamy gaçyp ugraýar. Käte garpyz iýseň suwuk, süýjüligi az bolýar. Şonuň esasy sebäbi-de, köp suwarylandygy üçin bolýar. Üstesine-de, bişip duran gawuna suwy köp berseň, jaýrylyp, hili gaçýar. Şonuň üçin bişýän döwründe suwy kesilip goýulsa, ol bal ýaly süýjeýär.

Gawunyň bişendigini anyklamagyň hem anyk usullary bar. Halkymyzda «Ýagşy gawun gabygyndan belli» diýen söz bar. Doly ýetişen gawunyň paçagy gurak we özüne mahsus, güýçli ysy bolýar. Garrygyz, gürbek görnüşleri bişende daşynda torlar emele gelýär. Garpyz saýlananda bolsa, onuň sapagyna seretmeli, sapagy gurap başlan bolsa ekin bişendir. Şeýle hem garpyza urup göreniňizde çykýan gurak ses onuň içiniň suwludygyny, ýetişendigini görkezýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Edermen pileçileriň üstünligi
28.05.2025   234
Ykdysadyýet Ýokary hilli önümler
19.06.2024   314
Ykdysadyýet Telekeçiligiň ösdürilmegine uly goşant
20.08.2025   214
Ykdysadyýet Suw bolçulygy ugrunda
04.12.2025   217
Ykdysadyýet Okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy
12.12.2024   344
Ykdysadyýet Bereketli hasyl ugrunda
29.01.2025   289
Ykdysadyýet Bugdaý maýsalary iýmitlendirilýär
27.11.2024   327
Ykdysadyýet Aýgytly günlerdäki yhlasly zähmet
11.06.2026   138
image