Daýhan aladalary — berekediň binýady
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Daýhan aladalary — berekediň binýady

Ykdysadyýet
14.01.2025  306

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna belent maksatlar, ýagşy niýetler bilen gadam basan Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk işgärleriniň, kärendeçi daýhanlarynyň iş depginleri barha ýokarlanýar. Munuň şeýledigini häzirki günlerde ýaz ekişi möwsümine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler hem aýdyň tassyklaýar.

Bu babatda Boldumsaz etrabynyň pagtaçy daýhanlarynyň hem derwaýys işleri ýaýbaňlandyrýandyklaryny aýtmak bolar. Etrapda öňdebaryjy hojalyklaryň biri hasaplanylýan «Türkmenistan» daýhan birleşiginde öňde duran ekiş möwsümine ykjam taýýarlyk bilen barmaklyga gönükdirilen çäreler muňa mysal bolup biler. Daýhan birleşiginiň baş agronomy Kakabaý Täjowyň nygtaýşy ýaly, şu ýylyň baharynda hojalykda jemi 1200 gektar meýdana tohum atmak meýilleşdirilýär. Şonda olaryň ählisi 700-e golaý kärendeçi daýhanyň gözegçiligine berlendigini, olaryň aglabasynyň öz işinde ýeterlik tejribesi bolan, ene toprakdan bereketli hasyl almagy başarýan adamlardygyny hem bellemek gerek.

 Birleşigiň pagtaçy daýhanlary şu ýylyň hasyly ugrundaky aladalara has öňräkden, uly yhlas bilen girişdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, geçen ýylyň hasylyndan başlap pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokary göterilmegi olaryň göwünlerini galkyndyryp, şol ýylyň netijeleri boýunça oňat girdeji gazanmaklaryna şert döretdi. Şunlukda kärendeçileriň her biriniň özüne berkidilen meýdanda şüdügär sürüminiň öz wagtynda geçirilmegine, onuň talabalaýyk tekizlenilmegine gyzyklanmasy artdy. Bu hem oňat netijeleri berip, gowaça ekmek göz öňünde tutulýan meýdanlarda sürüm işleri bellenilen möhletlerde geçirildi. Şonuň bilen birlikde-de häzirki döwre çenli birleşikde 400 gektara golaý meýdan tekizlenilip, 300 gektardan gowrak ýere çil çekildi. Bu hem olaryň gyş suwuny tutmaga doly taýýardygyny aňladýar.

Kärendeçi daýhanlar öz ýerlerinde şüdügär sürüminden öň olary gurplandyrmaklyga aýratyn üns berdiler. Şeýlelikde sol döwürde her gektara 150 — 200 kilogram fosfor, 50 — 100 kilogram kaliý dökünleri sepildi. Elbetde, bu dökünleriň meýdanlara öňünden berilmeginiň has netijeli bolýandygy bellenilmäge mynasyp. Häzirki günlerde bolsa kärendeçi daýhanlar ýerli dökünleri taýýarlamak boýunça hem iş alyp barýarlar.

Ýaz ekişine taýýarlyk görmekde birleşigiň Meýlis Geldiýew, Akmyrat Nazarow, Tirkeş Agamyradow dagynyň ýolbaşçylyk edýän 1, 2, 3-nji kärendeçiler toparlarynyň agzalarynyň has-da öňe saýlanýandyklary bellenilmäge mynasypdyr. Bu hakda aýdylanda, tejribeli kärendeçiler Goçbaý Ýoldaşowyň, Gurban Berdiýewiň, Agamyrat Agamyradowyň we beýlekileriň atlaryny tutmak ýerlikli bolar.

Häzirki döwürde ýerleri tekizlemekde, olara çil çekmekde birleşigiň tejribeli mehanizatorlarynyň ençemesiniň ýokary işjeňlik görkezýändikleri hem örän guwandyryjydyr. Olaryň hatarynda Berdimyrat Güýzekow, Batyr Baýramow, Hemra Allakow, Gurbanberdi Mättaganow dagynyň bitirýän işleri köpleriň hoşallygyna mynasyp bolýar.

Elbetde, daýhan adamlar üçin şu günleriň her bir pursadynyň aýratyn gadyr-gymmaty bar. Sebäbi ýerleriň öňde duran möhüm möwsümlere birkemsiz taýýar edilmegi, tutuş ýylyň üstünlikli bolmagy şu günleriň möhüm aladalaryndan, agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýän möwsümleýin işlerden gözbaş alýar. Bu daýhan birleşiginiň pagtaçylarynyň hem wagtdan ýerlikli peýdalanmagy başarýandyklary anyk görünýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Telekeçilik ulgamynyň rowaçlyklary
22.07.2024   325
Ykdysadyýet Maldarlaryň zähmet üstünligi
08.05.2026   95
Ykdysadyýet Sogan ekilýär
13.03.2025   288
Ykdysadyýet Ekologiýa abadançylygyna goşant
13.11.2024   253
Ykdysadyýet Baglar — gözelligiň gözbaşy
09.11.2024   299
Ykdysadyýet Ekinlere ideg edilýär
28.11.2025   127
Ykdysadyýet Taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyrylýar
30.01.2023   309
image