Türkmen halkynyň köňül buýsanjy, milli medeniýetiniň sarsmaz sütüni bolan bagşyçylyk sungaty täze taryhy eýýamda özüniň hakyky galkynyşyny başdan geçirýär. Gadymy Daşoguz topragynda «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» ady bilen geçirilen festiwal halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyran medeni wakalaryň birine öwrüldi. Bu festiwal diňe bir saz sungatynyň dabaralanmasy bolman, eýsem, halypa-şägirtlik mekdebiniň dowamat-dowam bolýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Bilşimiz ýaly, dutar ýasamak senetçiligi hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmek bilen, halkara derejesinde hem ykrar edildi. Festiwalda ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen belli bagşy-sazandalar hem-de ýaş zehinler öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Festiwala gatnaşyjy myhmanlar, ir säher bilen, Daşoguzyň demir ýol menzilinde duz-çörek bilen dabaraly garşylanyldy. Soňra, festiwala gatnaşyjylaryň ýörişiniň Daşoguz şäheriniň «Görogly» meýdançasyndan badalga almagy aýratyn ähmiýete eýe boldy. Ýörişe gatnaşyjylar dessançy şahyryň adyny göterýän Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan teatryň döredijilik toparynyň we welaýatyň birleşen tans toparynyň edebi-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler. Teatryň öňündäki meýdançada halkymyzyň mili gymmatlyklarynyň, senetçilik sungatynyň, çeper elli zenanlarymyzyň el işleriniň, dokma önümleriniň, welaýatymyzyň çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň bagşy–sazandalara bagyşlanan amaly-haşam eserleriniň sergisi guraldy.
Dabara gatnaşyjylar teatryň foýesinde welaýatyň birleşen bagşylar toparynyň ýerine ýetiren «Festiwal» atly aýdymy bilen garşy alyndy. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergide bolsa milli gymmatlyklarymyzy öwrenmekde, olary geljekki nesillere ýetirmekde we ýaýratmakda türkmen dessançy bagşylarynyň hyzmatynyň uludygy açylyp görkezildi.
«Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwal teatryň sungat ussatlarynyň edebi-sazly çykyşy bilen açyldy. Soňra festiwalyň myhmanlaryna söz berildi. Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow festiwaly dabaraly ýagdaýda açyp berdi. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa çykyş edip, festiwalyň bu keremli toprakda geçirilmeginiň aýratyn ähmiýetini belledi. Dabarada çykyş edenler halkymyzyň milli medeniýetini öwrenmek, ösdürmek we wagyz etmek babatda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözleri beýan etdiler. Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň bagşy-sazandalary halk dessanlaryndan parçalary ýerine ýetirdiler.
Festiwal günüň ikinji ýarymynda Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Altyn ýol geňeşligindäki Dilewar oba medeniýet öýünde guralan «Dessançy bagşylar joşa gelende» atly ylmy-amaly maslahat bilen dowam etdi. Maslahatda çykyş edenler türkmen nusgawy edebiýatynda dessanlaryň aýratyn orun eýeleýändigini, aýdymdyr kyssanyň saz bilen utgaşdyrylyp, bagşylaryň dilinde beýan edilmeginiň ähmiýetiniň we çeperçiliginiň ylmy nukdaýnazardan has giňişleýin öwrenilýändigini we geljekki nesillere ýetirilmegi babatda alnyp barylýan işleriň giň gerime eýe bolýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Ylmy-amaly maslahatdan soňra, oňa gatnaşyjylar welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç edip, milli mirasymyzyň gymmatlyklary bilen tanyşdylar.
Günüň ahyrynda festiwala gatnaşyjylar Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Görogly» spektaklyna tomaşa etdiler.
***
Festiwalyň ikinji gününiň ir säherinde oňa gatnaşyjylar sözüň-sazyň piri, keramatly Aşyk Aýdyň piriň aramgähine zyýarat etdiler. Şol gün festiwala gatnaşyjylar welaýatymyzyň Bagşylar muzeýine bardylar. Bu ýerde dessançylyk däplerimiziň nesilden-nesle geçmeginde, asyrma-asyr taraşlanyp, timarlanan bagşyçylyk ugurlarynyň ösmeginde, dessanlarymyzyň toýlarymyzyň bezegine, edebi mirasymyzyň egsilmejek hazynasyna öwrülmeginde uly orny eýelän welaýatymyzyň halypa bagşy–sazandalaryna bagyşlanan sergi bilen içgin tanyşdylar.
Agşamara Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahnasynda «Bagşy dessan aýdanda» atly konsert boldy. Çykyş edenler dessanlarymyzdan parçalary we bilelikdäki aýdymy ýerine ýetirdiler. Bu bolsa festiwalyň baýramçylyk şüweleňini has-da artdyrdy. Dabarada ýaňlanan aýdymdyr sazlar tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
***
Festiwalyň üçünji, jemleýji gününde irden Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde halypa dessançy bagşylaryň ýaş bagşy-sazandalar bilen ussatlyk sapaklary boldy. Oňa festiwalyň myhmanlary, ýörite sungat mekdebiniň we welaýat çagalar sungat mekdepleriniň talyplary, okuwçylary we mugallymlary gatnaşdylar.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda beýan edilýän meşhur dessançy bagşylar Nazar baganyň, Magtymguly Garlyýewiň, Öre şyhyň, Palta bagşynyň, Baýar bagşynyň, Ilaman Annaýewiň, Akjagül Myradowanyň, Tüýli Otuzowyň, Hojamyrat Öräýewiň, Bally Mätgeldiýewiň, Kakabaý Nazarowyň dessançylyk ýoluna bagyşlanan aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Şabat etrabynyň Altyn ýol geňeşliginiň Dilewar oba medeniýet öýünde geçirilen döredijilik duşuşygynda çykyş edenler Milli Liderimiziň gymmatly eseriniň ähmiýeti, türkmen bagşyçylyk sungatyny ösdürmekde halypalaryň bitiren hyzmatlary barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de ady agzalan bagşy-sazandalaryň ýetişdiren şägirtleriniň bedew batly Diýarymyzda halkymyzyň milli dessançylyk däplerini mynasyp dowam etdirijiler hasaplanýandygyny nygtadylar.
Günüň ikinji ýarymynda Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda festiwalyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Festiwala gatnaşyjylar halk dessanlaryndan parçalary uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Dabaraly çärede festiwala gatnaşyjylara Diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar medeniýetimizi we sungatymyzy gülledip ösdürmek babatda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Uly üstünliklere beslenen festiwalyň ýapylyş dabarasy oňa gatnaşyjy bagşy-sazandalaryň bilelikde ýerine ýetirmeklerinde Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly aýdym bilen jemlendi.
Daşoguzda geçirilen bu festiwal halkymyzyň öz milli gymmatlyklaryna bolan sarpasynyň näderejede belentdigini aýdyň görkezdi. Bu dabaralar hemmeleriň kalbynda milli sungatymyza bolan söýginiň baky galjakdygynyň kepiline öwrüldi.