Daşoguz welaýatynyň pileçileriniň zähmet üstünligi
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Daşoguz welaýatynyň pileçileriniň zähmet üstünligi

Ykdysadyýet
03.06.2026  59

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň dokma senagaty üçin möhüm çig mal hasaplanylýan ak piläniň öndürilişini artdyrmak barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine saldamly goşant goşmagy maksat edinen welaýatyň ussat pileçi kärendeçileri uly zähmet üstünligini gazandylar. Has anygy, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsüminde olar jemi 13691 guty ýüpek gurçuklaryna göwnejaý hyzmat edip, ýokary hilli piläniň bereketli hasylyny ýetişdirmek bilen, ony ýitgisiz ýygnamagyň hem-de 502,5 tonna piläni döwlet harmanyna goşmagyň hötdesinden geldiler. Munuň özi zähmetsöýer pileçi kärendeçilerimiziň şu ýyl üçin bellenilen meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirendiklerini aňladýar.

Gazanylan bu guwandyryjy üstünlikde welaýatyň Şabat, Garaşsyzlyk, Akdepe, Gubadag we beýleki etraplarynyň pileçi kärendeçileriniň mynasyp paýlarynyň bardygyny aýtmak zerurdyr. Şonuň bilen birlikde-de, tejribeli pileçileriň ýüzlerçesi pile öndürmek baradaky meýilnamalaryny öňdäkileriň hatarynda amal edip, başarjaňlyklaryny görkezdiler.

Şeýlelikde, welaýatyň pileçi kärendeçileri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynyň zähmet üstünliklerine beslenmeginde möhüm ähmiýeti bolan belent sepgidi eýeläp, uly abraý gazandylar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Bereketli hasyl — belent sepgit
07.07.2026   40
Ykdysadyýet Täze bina — giň mümkinçlikler
03.07.2025   258
Ykdysadyýet Jogapkärli möwsüme ykjam taýýarlyk
15.05.2024   343
Ykdysadyýet Aşgabat şäheriniň gününe
20.05.2025   222
Ykdysadyýet Gowaça ekişi öndürijilikli barýar
23.04.2024   323
Ykdysadyýet Gowaça ekişi — jogapkärli wezipe
11.03.2025   253
image