«Ile döwlet geler bolsa...»
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda dessançylyk däplerinde medeniýetimiziň aýratynlygyny, milli mirasymyzdaky tutýan ornuny has giňişleýin wagyz etmek boýunça döwlet derejesinde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet ulgamyndaky ösüşler, halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny gorap saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şanly ýylymyzyň bahar paslynda hormatly Prezidentimiziň goldawy bilen welaýatda ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň gatnaşmaklarynda «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwalyň geçiriljekdigi welaýatyň medeniýet işgärleriniň başyny göge ýetirdi. Bu festiwala görülýän taýýarlyk işleri barada Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň işiň esasy ugurlary boýunça bölüminiň başlygy Azymberdi Kakaýewşeýle gürrüň berdi:
— Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde gadymy Daşoguz topragynda geçiriljek «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwala taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Bu festiwalyň dessançylaryň mekany hasaplanylýan welaýatymyzda geçirilmegi medeniýet-sungat ussatlarymyzy joşgunly döredijilige ruhlandyrdy. Türkmen halkynyň milli ýol-ýörelgeleriniň esasyny düzýän dessançylyk däpleriniň dowamlylygynyň alamaty hökmünde bu festiwalyň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň gatnaşmaklarynda üç günüň dowamynda geçiriljek festiwalyň çäklerinde «Dessançy bagşylar joşa gelende» atly ylmy-amaly maslahatyň, «Bagşy dessan aýdanda» atly konsertiň, halypa dessançy bagşylaryň ýaş bagşy-sazandalar bilen ussatlyk sapaklarynyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda beýan edilýän meşhur dessançy bagşylar Nazar baganyň, Magtymguly Garlyýewiň, Öre şyhyň, Palta bagşynyň, Baýar bagşynyň, Ilaman Annaýewiň, Akjagül Myradowanyň, Tüýli Otuzowyň, Hojamyrat Öräýewiň, Bally Mätgeldiýewiň, Kakabaý Nazarowyň dessançylyk ýoluna bagyşlanan aýdym-sazly döredijilik duşuşygynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Festiwalyň dowamynda oňa gatnaşyjylar sözüň-sazyň piri, keramatly Aşyk Aýdyň piriň aramgähine zyýarat ederler.
Ussat bagşy-sazandalaryň şägirtleri bu günki gün döwrümiziň waspçylary hasaplanýar. Şeýlelikde, halypa-şägirtlik mekdebi, aýdym we saz sungatynda özboluşly ugur kemala gelýär. Häzirki nesiller türkmen halk sazlaryny ýerine ýetirmek däplerini saklamak bilen, olary barha ösdürýärler. Saz döredijilere we olary häzirki günlere ýetiren bagşylara deňleşmegi umyt edýän ýaşajyk bagşylar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň waspçylary bolup, erkinligiň döredijilik ruhuny öz çykyşlarynda wasp edýärler. Dessançylyk däplerine, halypa-şägirtlik ýoluna, halkymyzyň baý ruhy mirasyna, milli sungatymyzyň taryhyna aýratyn gadyr goýýan Milli Liderimiziň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitaby türkmen saz sungatynyň özboluşlylygyny, mukamlaryň sazlaşygyny beýan etmek bilen, döredijilik mekdepleriniň, halypa-şägirtlik ýörelgeleriniň nesilden-nesle geçmeginde, kämilleşmeginde, asyrlaryň dowamynda we häzirki döwürde türkmen medeniýetiniň ösmeginde bagşylaryň möhüm orny eýeleýändigini açyp görkezýän gymmatly eser hasaplanýar. Ony ýan kitabyna öwren welaýatymyzyň bagşy-sazandalary dessançylyk sungatynyň köpasyrlyk däpleriniň esasynda kemala gelen sazandalyk ýörelgelerini saklap gelýärler. Munuň şeýledigine festiwala gatnaşyjylar anyk göz ýetirerler.
Mälim bolşy ýaly, bu döredijilik çäresi baý we köptaraply maksatnama bilen tapawutlanýar. Festiwala ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň, sazandalarynyň, medeniýet ugurly okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyplaryň, okuwçylaryň köp sanlysy gatnaşar.